Numbers 8
Harun çyralary ýerleşdirýär
1 Reb Musa şeýle diýdi: 2«Haruna aýt: ol çyralary çyradana oturdanda, olaryň ýagtysy çyradanyň öňüne düşer ýaly edip oturtsyn». 3Harun şeýle hem etdi. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ol çyralary çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly edip ýerleşdirdi. 4Çyradanyň gurluşy şeýledi: aýagyndan tä çyra oturdylýan güllerine çenli döwme sap altyndan ýasalandy. Harun çyradany Rebbiň Musa görkezen nusgasy boýunça ýasady.Lewiler Rebbe bagyş edilýär
5Reb Musa şeýle diýdi: 6«Ysraýyllaryň arasyndan lewileri bölüp aýyr-da, olary tämizle. 7Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler. 8Soňra olar bir öküzçe bilen galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý ununy alsynlar. Sen hem günä gurbanlygy üçin bir öküzçe al. 9Onsoň lewileri Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirip, bütin ysraýyl jemagatyny ýygna. 10Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar. 11Harun lewileri ysraýyllaryň berýän göterme sadakasy hökmünde Rebbe bagyş etsin. Şonda olar Rebbiň hyzmatyny edip bilerler. 12Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler. 13Soňra lewileri Harunyň ogullarynyň öňünde durzup, olary Rebbe bagyş et. 14Şeýdip, sen lewileri ysraýyllaryň arasyndan saýlap alarsyň, indi olar Rebbiňki bolarlar. 15Sen lewileri tämizläp, olary Rebbe bagyş edeniňden soň, olar Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek üçin içeri girip bilerler. 16Çünki ysraýyllaryň arasynda olar indi bütinleý Rebbe degişlidirler. Reb lewileri ähli ysraýyl aýallarynyň ilkinji dogran ogullarynyň öwezine Özüne aldy. 17Çünki ysraýyllaryň arasynda haýwan bolsun, ynsan bolsun parhy ýok, ilkinji doglanlar Rebbiňkidir. Müsür ýurdunda nowbahar ogullary gyran güni, Reb olary Özüne bagyş etdi. 18Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy. 19Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar». 20 Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler. 21Lewiler özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwdular. Onsoň Harun olary göterme sadakasy hökmünde Rebbiň huzurynda hödür etdi we tämizlemek üçin, olary günälerinden saplady. 22Şondan soňra lewiler Harunyň we onuň ogullarynyň ygtyýarlygynda Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmäge girdiler. Olar lewiler hakda edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler. 23Reb Musa şeýle diýdi: 24«Lewilere degişli düzgün şeýledir: ýaşy ýigrimi bäş we ondan ýokary bolanlar Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny etmelidirler. 25Elli ýaşdan soň olar hyzmatdan boşadylmalydyrlar we mundan beýläk gulluk etmeli däldirler. 26Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyry goramak keşigini çekýän öz lewi doganlaryna kömek edip bilerler. Ine, sen şeýdip, lewileriň ýerine ýetirýän borçlaryny şunuň ýaly kadalaşdyrgyn».
Copyright information for
TukLat16