Numbers 9
Pesah baýramy
1 Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň birinji aýynda ▼▼Ýewreýleriň senenamasy boýunça ýylyň birinji aýy takmynan aprel aýyna gabat gelýär. Seret: Msr 13:4.
Reb Sinaý çölünde Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi: 2«Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler. 3Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler». 4Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy. 5Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler. 6Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip: 7«Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler. 8Musa olara: «Garaşyň, siz hakda Rebbiň näme tabşyryk berýänini bileýin» diýdi. 9Reb Musa şeýle diýdi: 10«Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz. 11Olar ikinji aýyň on dördüne, agşam Pesah gurbanyny soýup, ony petir we ajy otlar bilen iýsinler. 12Ertire çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn we onuň ýekeje süňki-de döwülmesin. Pesah baýramy özüniň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda bellensin. 13Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir. 14Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun». Mukaddes çadyry bürän bulut
15 Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy. 16Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi. 17Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar. 18Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen ýola düşüp, Rebbiň buýrugy bilen hem düşlärdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde näçe wagtlap saklansa, olar hem öz düşelgelerinde şonça wagt saklanardylar. 19Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler. 20Käwagtlar bulut mukaddes çadyryň depesinde diňe sanlyja gün görnerdi, olar hem Rebbiň buýrugyna görä düşelgelerinde bolup, soňra Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. 21Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Gündiz bolsun, gije bolsun – parhy ýok, bulut ýokary göterilende ysraýyllar hem ýola düşerdiler. 22Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler. 23Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler.
Copyright information for
TukLat16