Philippians 1
1Isa Mesihiň gullary bolan men Pawlusdan we Timoteosdan Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolan filipilileriň baryna, şol sanda ýygnak ýolbaşçylaryna we hyzmatçylaryna dogaýy salam! 2Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!Şükürler we doga-dilegler
3Men her gezek siz barada oýlananymda, Hudaýyma şükür edýärin. 4Siziň ähliňiz üçin şatlanyp, elmydama Hudaýa doga-dilegler edýärin. 5Çünki siz ilkinji günden tä şu wagta çenli Hoş Habary ýaýratmakda hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. 6Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesihiň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn. 7Men tussaglykda bolsam-da, Hoş Habary gorap, ony ykrar etsem-de, siz maňa berlen merhemetli gullukda elmydama hyzmatdaşlyk edýärsiňiz. Şonuň üçin-de men siz babatda şeýle şatlanmaga haklydyryn. Çünki ýüregimiň töründe ornuňyz bar ahyryn! 8Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr. 9Men söýgiňiziň bilimde we ýiti düşbülikde bolelin dolup-daşmagyny Hudaýdan dileýärin. 10Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin. 11Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.Hoş Habary tussag edip bolmaýar
12Indi bolsa, eý, doganlar, size şulary mälim edesim gelýär: meniň başyma inen külpetler dogrudan-da Hoş Habaryň ýaýramagyna ýardam etdi. 13Şunlukda, meniň Mesih sebäpli tussag edilendigim köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy. 14Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler. 15Hawa, olaryň käbirleri meniň bilen bäsleşip, Isa Mesih baradaky Hoş Habary bahyllykdan wagyz edýärler, käbirleri bolsa ýagşy niýetden wagyz edýärler. 16Bular meniň Hoş Habary goramak üçin saýlanandygymy bilip, ony söýgi bilen wagyz edýärler. 17Emma beýlekiler Mesihi päk ýürekden däl-de, öz bähbitlerini aramak üçin wagyz edip, tussaglykdaky külpetlerimi artdyrmakçy bolýarlar. 18Edenlerinde näme?! Her nähili bolsa-da, isle betpällikden, isle-de ýagşy niýetden, barybir olar Isa Mesihi wagyz edýärler. Men muňa begenýärin. Hawa, gaýta-gaýta begenerin, 19sebäbi doga-dilegleriňiz we Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly bu külpetleriň maňa azatlyk getirjekdigini bilýärin. 20Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler. 21Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesihdir, ölüm-de bähbitlidir. 22Emma ýaşasam, hasylly zähmet çekerin. Şonuň üçin-de haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin. 23Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr; 24emma meniň diri galmagym size has-da gereklidir. 25Men şu babatda ynamym bolany üçin, diri galjakdygymy bilýärin. Hawa, imanda we onuň berýän şatlygynda ösüp bileriňiz ýaly, men ýene-de siziň araňyzda galaryn. 26Şoňa görä-de, men tussaglykdan boşap, ýanyňyza baranymda, siz Isa Mesihiň meniň üçin edenleri babatda has-da köp magtanyp bilersiňiz.Durmuş ýörelgäňiz Hoş Habara laýyk bolsun
27Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin. 28Şeýle-de, özüňize garşy çykýanlardan asla gorkmaýandygyňyzy bilerin. Siziň imanda şeýle berk durmagyňyz olaryň heläk boljakdygyndan, siziň bolsa halas ediljekdigiňizden nyşandyr. Bular Hudaý tarapyndyr. 29Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir. 30Siz meniň göreşimi özüňiz gördüňiz, ol barada şindi hem eşidýänsiňiz. Bu göreşime siz hem şäriksiňiz.
Copyright information for
TukLat16