‏ Philippians 2

1Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa, 2meniň begenjimiň üstüni ýetiriň: pikirdeş boluň, biri-biriňizi söýüň, ruhuňyz we maksadyňyz bir bolsun. 3Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň. 4Her kes diňe öz bähbidini däl, eýsem başgalaryň bähbidini hem arasyn.

5 Isa Mesihiň garaýyşlary sizde hem bolsun: 6Isa Mesih Hudaýyň tebigatyna eýe bolsa-da, ony Özüne dereje saýmady, ondan mäkäm ýapyşmady. 7Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip, 8ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi. 9Şoňa görä Hudaý Ony juda beýgeltdi: Oňa ähli atdan üstün bir ady berdi. 10Göklerdäki, ýerdäki, ýer astyndaky her kes Isanyň ady agzalanda dyz eper, 11Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesihiň Rebdigini ykrar eder.

Ýyldyzlar deý parlamak

12Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň. 13Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.

14Her bir zady hüňürdemän, zeýrenmän berjaý ediň. 15Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz. 16Ýaşaýyş berýän Hoş Habary gaýym tutuň. Şonda men biderek ýere yhlas etmändigim, azabymyň puja çykmandygy babatda Mesihiň geljek gününde magtanyp bilerin. 17Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin. 18Şoňa görä, siz hem şatlanyp, meniň şatlygyma şärik boluň.

Timoteos we Epafrodit

19Rebbimiz Isa ýol berse, ýagdaýlaryňyzy bilip ynjalmak üçin, tiz wagtda ýanyňyza Timoteosy ibererin diýip umyt edýärin. 20Timoteos hem edil men ýaly siz babatda şeýle yhlasly, şeýle janypkeş. Ondan başga ibermäge şeýle adamym-da ýok. 21Sebäbi köp adamlar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini araýar ahyryn. 22Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi. 23Şonuň üçin-de, men ýagdaýymyň nähili boljagyny bilen badyma, ony siziň ýanyňyza ibererin diýip umyt edýärin. 24Meniň tiz wagtda ýanyňyza barjakdygym babatda Reb meni ynandyrýar.

25Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim. 26Ol siziň ähliňizi örän göresi geldi. Onuň hassalygy barada eşidendigiňizi bilende bolsa, gaty gaýgylandy. 27Dogrudan-da, ol ölüm halynda bolup, tas ölüpdi. Emma Hudaý oňa, diňe oňa däl, eýsem hasrat üstüne hasrat çekmezim ýaly, maňa hem rehim etdi. 28Şoňa görä-de, siz Epafroditi görüp, gaýtadan begenersiňiz, meniň-de gaýgy-hasratym ýeňlär diýip, ony ýanyňyza örän iberesim geldi. 29Ony Rebdäki doganyňyz hökmünde uly şatlyk bilen garşylaň. Onuň ýaly adamlary hormatlaň. 30Çünki ol siziň maňa edip bilmedik hyzmatyňyzyň öwezini dolmak üçin, janyny howp astyna salyp, Mesihiň işiniň ugrunda tas ölüpdi.
Copyright information for TukLat16