Filimun tanymal mesihileriň biri bolup, Kolosiýadaky ýygnagyň agzasy bolan bolmagy ahmal. Onuň Onesim atly guly bolupdyr. Onesim öz hojaýynyndan gaçýar we günleriň birinde tussaglykda oturan Pawlus bilen tanyşýar. Onesim Pawlus arkaly Isa Mesihe iman edýär. Pawlus Filimuna hat ýazyp, Onesimi yzyna iberýändigini aýdýar. Ol ondan öz guly bilen ýaraşmagyny, Onesimi diňe günäsi geçilen gul hökmünde däl, eýsem mesihi dogany hökmünde kabul etmegini haýyş edýär.

Mazmuny

  • Filimuna ýüzlenme1:1-3
  • Filimun üçin şükürler1:4-7
  • Onesim baradaky haýyş1:8-22
  • Soňky salamlar we doga-dilegler1:23-25
  • ‏ Philemon

    1 2Isa Mesih ugrunda tussaglykda oturan men Pawlusdan eziz dostumyz we işdeşimiz Filimuna, aýal doganymyz Affiýa, söweşdeş ýoldaşymyz Arhipa we seniň öýüňde bolýan imanlylar ýygnagyna dogaýy salam! Doganymyz Timoteos hem size salam aýdýar. 3Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!

    Şükürler we doga-dilegler

    4 5Men seniň Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyň we tutuş Hudaýyň halkyna bolan söýgiň hakda eşidýärin. Şoňa görä-de, seni hemişe doga-dileglerimde ýatlap, Hudaýyma şükür edýärin. 6Men bizi birikdirýän imana görä hereket etmegiňi Hudaýdan dileýärin. Şonda sen Isa Mesihe hyzmat etmek üçin edilmeli ýagşy işlere düşünersiň. 7Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.

    Pawlusyň Onesim baradaky haýyşy

    8Men Isa Mesihiň maňa berýän ygtyýary bilen saňa etmeli işleriňi buýrup-da bilerdim, 9ýöne söýginiň hatyrasyna saňa ýalbarýaryn. Hawa, Isa Mesihiň ugrunda tussaglykda oturan men goja Pawlus, 10tussaglyk döwrümde maňa ogul bolan Onesim üçin ýalbarýaryn. 11Birwagtlar onuň saňa hiç ýardamy ýokdy, emma indi onuň saňa-da, maňa-da ýardamy degýär. 12Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn
    Käbir golýazmalarda Ony kabul et diýen jümle hem bar.
    .
    13Hoş Habar ugrunda tussag edilen döwrümde seniň ýeriňe maňa hyzmat etsin diýip, ilki ony öz ýanymda alyp galmakçydym. 14Ýöne etjek ýagşylygyň mejbury däl-de, meýletin bolar ýaly, senden birugsat hiç zat edesim gelmedi. 15Kim bilýär, belki, Onesimiň hemişelik saňa dolanyp barmagy üçin, ol senden wagtlaýyn aýrylandyr. 16Ol indi diňe guluň däl, eýsem söýgüli doganyň boldy. Ol meniň üçin örän ezizdir. Ýöne ol hem guluň, hem-de Reb arkaly doganyň bolup, seniň üçin has-da ezizdir. 17Şoňa görä-de, meni dostuň hökmünde görýän bolsaň, ony meni kabul edýän ýaly kabul et. 18Eger Onesim zerarly zyýan çeken bolsaň ýa-da ondan algyň bar bolsa, olary meniň hasabyma ýaz. 19Men, Pawlus, muny öz elim bilen ýazýaryn: men Onesimiň bergisini bererin. Ýöne sen hem halas bolmagyňa meniň ýardam berendigimi unutma! 20Şoňa görä-de, eý, dogan, Rebbiň haky üçin maňa ýardam et. Mesihiň hatyrasy üçin göwnümi galkyndyr. 21Sözüme gulak asjakdygyňa, aýdanlarymy aňry ýany bilen ýerine ýetirjekdigiňe gözüm ýetensoň, şulary saňa ýazýaryn. 22Ýene bir haýyş: meni myhman alar ýaly bir otagy taýynlap goý, sebäbi Hudaý doga-dilegleriňizi eşidip, meni ýene ýanyňyza gaýtarar diýen umydym bar.

    Salamlar

    23 24Isa Mesihiň ugrunda meniň bilen tussaglykda bile bolýan Epafra, egindeşlerim Mark, Aristarh, Dema we Luka dagy saňa salam aýdýarlar. 25Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!
    Copyright information for TukLat16