‏ Proverbs 21

1Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr,
ony islän tarapyna öwürýändir.

2Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr,
emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.

3Dogrulyk we adalatlylyk etmek
Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.

4Ulumsy nazar, tekepbir ýürek,
erbetleriň çyrasy günädir.

5Janypkeşiň maksady diňe bolçulyga getirýär,
alňasak adamlaryň bary mätäç düşýändir.

6Ýalan söz bilen toplanan hazyna
ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.

7Erbetleriň zorlugy özlerini süpürip äkidýändir,
çünki olar adalaty berjaý etmekden boýun gaçyrýandyr.

8Ýazyklynyň ýoly egridir,
päkleriň bolşy dogrudyr.

9Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan,
üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir.

10Erbediň göwni ýamanlyk küýseýär,
ýakyny onuň göwnünden turmaýar.

11Masgaralaýja jeza berlende, nadan akylly bolýandyr,
dana adam tälim alanda, bilimini artdyrýandyr.

12Dogruçyl erbediň öýüni synlaýar,
erbetler heläkçilige barýar.

13Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň
öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.

14Gizlin berlen sowgat gahary,
goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar.

15 Adalaty berjaý etmek dogruçyl adama şatlykdyr,
ýaman iş edýäne heläkçilikdir.

16Düşünje ýolundan sowlan
ölüler toparynda ornaşar.

17Hezilligi söýýän mätäçdir,
şeraby we ýagy söýýän baýamaz.

18Erbetler dogruçyl üçin,
biwepalar hem sadyk üçin töleg bolar.

19Igenjeň hem gaharjaň aýal bilen ýaşandan,
çölde ýaşamak gowudyr.

20Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr,
akmak bolsa baryny symyşlar.

21Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam
ýaşaýyş hem hormat tapar.

22Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp,
olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.

23Agzyna we diline berk
janyny beladan goraýandyr.

24Çendenaşa bihaýa iş edýän
gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.

25Ýaltany öz höwesi öldürýär,
çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.

26Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär,
dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.

27Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir,
eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa,
ondanam beterdir.

28Galp şaýat heläk bolar,
diňleýän adamyň sözi dowam eder.

29Erbet adam ýüzüni galňadýandyr,
dogruçyl adam bolsa öz ýoluny oýlaýandyr.

30Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk,
düşünje ýa-da maslahat ýokdur.

31At söweş güni üçin seýislenýändir,
emma ýeňiş Rebdendir.
Copyright information for TukLat16