‏ Proverbs 23

1Hökümdar bilen nahar iýmäge oturanyňda,
öňüňde goýlana syn et.

2Horan bolsaň,
bogazyňa pyçak goý.

3Onuň näz-nygmatyna höwes etme,
çünki ol hileli çörekdir.

4Baýajak bolup agyr zähmet çekme,
pähimli bol, bu pikiriňden el çek.

5Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir,
çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.

6Gysganç adamyň çöregini iýme,
onuň lezzetli näz-nygmatlaryna höwes etme.

7Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr,
«Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.

8Iýen lukmaňy gusarsyň,
süýji sözleriňi ýele sowrarsyň.

9Akmaga söz aýtma,
çünki ol aýdan danalygyňy ýigrener.

10Gadymy araçäk daşyny süýşürme,
ýetimleriň ekin ýerinden alma.

11Çünki olaryň Hossary güýçli,
olaryň dawasyny seniň bilen Ol tutar.

12Kalbyňy öwüt-nesihata,
gulaklaryňy-da bilimli sözlere ber.

13Terbiýäni çagalaryňdan gaýgyrma;
terbiýe taýagy olary öldürmez.

14Eger sen olary taýak bilen ursaň,
janlaryny ölüler dünýäsinden halas edersiň.

15Oglum, seniň ýüregiň akylly bolsa,
meniň ýüregim hem şatlanar.

16Sen dogry sözläniňde,
meniň göwnüm şatlanar.

17Günäkärlere gözüň gitmesin,
mydam Rebden gorkup gez.

18Çünki seniň geljegiň bolar ahyryn,
umydyň üzülmez.

19Oglum, diňle, sen akylly bol,
ýüregiňi dogry ýola sal.

20Şerap içegenleriň ýa-da
et iýegenleriň arasynda bolma.

21Çünki içegen we iýegen har düşer,
ukuçyllyk bolsa adama ýyrtyk jul geýdirýändir.

22Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi,
eneňi ýigrenme garran wagtynda.

23Hakykaty satyn al, ony satma.
Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.

24Dogruçylyň atasy köp begener,
parasatly perzendi dünýä inderen, oňa guwanar.

25Ata-eneň guwansyn,
seni dogran begensin.

26Oglum, ýüregiňi maňa bagla,
gözleriňi meniň ýollaryma dik.

27Çünki loly düýpsüz gorpdur,
kemçin-de dar guýudyr.

28Ol garakçy kimin ýolda peýläp durup,
wepasyzlaryň sanyny artdyrýar.

29Ah çekýän kim? Wah çekýän kim? Jenjel kimiňki? Nala kimiňki?
Sebäpsiz ýaralanan kim? Gözleri gyzaran kim?

30Şerabyň başynda uzak oturýanlaryňky,
garyşyk içgini içip görýänleriňki.

31Şerabyň alyna, pyýalada öwşün atyşyna,
aňsatlyk bilen aşak sarkýanyna bakma.

32Soňunda ýylan kimin çakýandyr,
alahöwren bolup sokýandyr.

33Gözleriň geň-taň zatlary görer,
seniň aňyň egri sözler aýdar.

34Sen kä deňiz ortasynda ýatan ýaly,
kä gäminiň bogaldagynda oturan ýaly bolarsyň.

«Meni urdular, agyry duýmadym; meni ýençdiler, ony bilmedim.
Ýaňadan içmek üçin, haçan turaryn?» diýersiň.
35

Copyright information for TukLat16