Proverbs 25
1Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.2Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr,
işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.
3Asman belent, ýeriň aşagy çuň;
patyşanyň ýüregi hem şeýledir,
ony derňäp bolýan däldir.
4Kümüşden hapany aýyr,
zergäre bir gap bolar.
5Erbet adamy patyşanyň huzuryndan aýyr,
şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.
6Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma,
beýikleriň ornunda durma.
7Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden,
emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr.
Gözüň gören zadyny
8derrew kaza getirme.
Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?
9Dawany ýakynyň özi bilen et,
başganyň syryny paş etme.
10Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar,
hemişe ýaman atly bolarsyň.
11Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan
altyn alma ýalydyr.
12Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji
tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.
13Sadyk ilçi özüni iberenler üçin,
orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr.
Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.
14Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam
ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.
15Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr,
mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.
16Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý,
aşa düşüp gusaýma.
17Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes,
senden irip, seni ýigrenäýmesin.
18Ýakynyna garşy galp şaýatlyk edýän adam
gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.
19Aladaly günde wepasyz adama ynanmak,
çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.
20Gamly ýürege aýdym aýtmak
sowuk howada geýim çykarmak we ýara ▼
▼Ýara – käbir golýazmalarda heke.
sirke guýmak ýalydyr.21Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber,
suwsan bolsa suw ber.
22Şonda onuň başyna köz goýarsyň,
Reb seni sylaglar.
23Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir,
gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.
24Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan,
üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.
25Uzak ýurtdan gelen hoş habar
teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.
26Erbetleriň öňünde ýan beren dogruçyl adam
bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.
27Baly köp iýmek ýagşy däldir,
şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.
Özüne buýrup bilmeýän kişi
diwarsyz, weýran edilen şäher kimindir.
28
Copyright information for
TukLat16