‏ Proverbs 29

1Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän
duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.

2Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir.
Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.

3Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr,
emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr.

4Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir,
para alýan bolsa ony tozdurýandyr.

5Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam
onuň aýagyna tor gurýandyr.

6Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr,
dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.

7Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir,
erbet bolsa şu meselä düşünýänem däldir.

8Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar,
akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler.

9Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda,
akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.

10Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir,
hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.

11 Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr,
akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir.

12Hökümdar ýalan söze gulak salsa,
onuň ähli emeldarlary erbet bolar.

13Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar,
ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.

14Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa,
onuň tagty ebedi berkarar bolar.

15Taýak we käýinç danalyk getirýändir,
başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.

16Erbetler güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir,
dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler.

17Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer,
özüňe ýakymly bolar.

18Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr.
Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr.

19Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir,
çünki düşünse-de gulak asmaz.

20Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi?
Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.

21Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa,
soňunda ony mirasdary etmeli bolar.

22Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr,
gazaply adam ýazyk etdirýändir.

23Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir,
pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.

24Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir,
ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.

25Adamdan gorkmak duzakdyr,
Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.

26Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür,
ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.

27 Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir,
dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.
Copyright information for TukLat16