Proverbs 3
1Oglum, unutma öwredenlerimi,buýruklarymy kalbyňda sakla.
2Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar,
abadanlygyňy köpelder.
3Sadyk söýgiňi terk etme.
Bagla olary boýnuňa.
Ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda
merhemet we abraý taparsyň.
5Öz düşünjäňe daýanma,
bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.
6Bar işleriňde Ony tana,
Ol seniň ýollaryňy dogrular.
7Özüňi akylly saýma;
Rebden gork,
ýamandan çekil.
8Şonda seniň janyňa sagdynlyk,
bedeniňe şypa berler.
9Rebbi bütin baýlygyň hem
ilkinji hasylyň bilen hormatla.
10Şonda seniň ammaryň dolup-daşar,
çelekleriň täze şerapdan joşar.
11Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum.
Onuň käýinjine gysynma.
12Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly,
Reb hem söýenini terbiýeleýändir.
13Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.
14Çünki onuň girdejisi kümüşden,
peýdasy altyndan artykdyr.
15Danalyk jöwherden gymmat,
hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.
16Uzak ömür onuň sag elinde,
baýlyk hem şöhrat sol elinde.
17Onuň ýollary ýakymly ýoldur,
barça ýodalary hem salamatlykdyr.
18Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr.
Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.
19Reb danalyk bilen jahany bina etdi;
düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.
20Onuň biliminden çuňluklar böwsüldi,
bulutlar çygyny pürkdi.
21Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla,
gözüňden salma.
22Şeýle etseň, olar janyňa ýaşaýyş,
boýnuňa bezeg bolar.
23Onsoň aman-esen gezersiň,
büdremersiň.
24Otursaň arkaýyn bolarsyň,
ýatsaň süýji uka gidersiň.
25Duýdansyz gelýän howpdan,
erbetleriň başyna inen weýrançylykdan gorkma.
26Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar,
aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
27Eliňden gelýärkä,
mätäçlerden ýardamyňy aýama.
28Eliňde barka, ýakynyňa:
«Git, soň gel, ertir bererin» diýme.
29Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy
ýaman niýet etme.
30Ýamanlyk etmedik adam bilen
nähak jedelleşme.
31Zalyma gözüň gitmesin,
onuň ýollaryny saýlama.
32Reb azgyn adamlary ýigrenýär,
Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.
33Reb erbetleriň öýüni näletleýär,
dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.
34Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr,
pespäl adamlara rehim edýändir.
Akyllylar şöhrata eýe bolarlar,
akmaklar bolsa uýada galarlar.
35
Copyright information for
TukLat16