Proverbs 30
1Massaly Ýakeniň ogly Aguryň wajyp sözleriŞol adam Itiýele sargaýar,
Itiýele we Ukala şeýle diýýär:
2Men adam bolardan samsyk,
ynsan düşünjesi mende ýok.
3Ne danalygy öwrendim,
ne Mukaddesi bildim.
4Kim göge çykyp, aşak indi?
Ýeli owujynda toplan kim?
Suwlary geýiminde oran kim?
Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi?
Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme?
Bilýäňmi näme?
5Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr.
Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.
6Onuň sözlerine hiç zat goşma,
saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.
7Men Senden iki zat diledim,
ölmänkäm olary menden gaýgyrma:
8– 9Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et,
meni garyp hem, baý hem etme.
Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip,
Seni inkär etmezim ýaly,
garyplykda ogurlyk edip,
Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly,
ýeterlik paýymy ber meniň.
10Hyzmatkäri hojaýynyna ýamanlama,
ýogsa saňa gargyş eder, sen ýazykly çykarsyň.
11Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr,
enesine alkyş edýän däldir.
12Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr,
aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.
13Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir,
gabaklary nähili ýokary.
14Şeýle adamlar bar,
ýer ýüzünden garyplary,
adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin
dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.
15Sülügiň iki gyzy bar:
«Ber! Ber!» diýip gygyrýar.
Üç zat bardyr, hiç doýmaz,
has takygy dört zat «Besdir» diýmez:
16 Ölüler dünýäsi, önelgesiz ýatgy,
suwdan ganmaýan toprak,
«Besdir» diýmeýän ot.
17Atasyny masgaralap,
enesini diňlemän, har edýän gözi
dere gargalary çokar, bürgütler iýer.
18Meni haýran galdyrýan üç zat bar,
dogrusy dört zada akylym ýetmeýär:
19Gökde bürgüdiň ýoly,
gaýada ýylanyň ýoly,
deňizde gäminiň ýoly,
ýigidiň ulugyza bolan ýoly.
20Zyna edýän aýalyň ýoly-da şeýledir:
Ol iýýändir, agzyny süpürip:
«Ýaman iş edemok» diýýändir.
21Üç zatdan ýer sarsýandyr,
ýagny dört zady göterip bilmeýär:
22Gul patyşa bolanda,
akmak iýmitden doýanda,
23Halanmaýan garry gyz äre çykanda,
gyrnak bikesiniň ornuny eýeläninde.
24Dünýäde dört maýda zat bar.
Ýöne olar gaty akyllydyrlar:
25Garynjalar güýçli jandar däldirler,
azygyny welin tomusda taýýarlaýandyrlar.
26Gaýa torsuklary kuwwatsyz jandardyr,
ýöne hinini gaýada gurýandyr.
27Çekirtgeleriň patyşasy ýokdur,
ýöne ählisi sap-sap bolup çykýandyr.
28Kelpezäni el bilen tutup bolýandyr,
ýöne patyşalaryň köşgünde bolýandyr.
29Gadamy owadan üç zat,
dogrusy ýörişi owadan dört zat bardyr:
30Haýwanlaryň iň batyry,
hiç birinden gaçmaýan arslan.
31Magtanyp ýöreýän horaz we teke,
goşuny ýanynda bolan patyşa ▼
▼Goşuny ýanynda bolan patyşa – ýa-da Patyşa garşy gozgalaň ýok.
.32Eger sen akmak bolup özüňi öwseň
ýa ýamanlygy niýet eden bolsaň,
onda eliňi agzyňa tut.
Çünki süýdi gysmakdan ýag,
burnuňy gysmakdan gan,
gazaby gysmakdan dawa çykýandyr.
33
Copyright information for
TukLat16