Proverbs 31
1Massa patyşasy Lemuwala ejesiniň öwreden wajyp sözleri2Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym!
Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?
3Güýjüňi hem ýollaryňy
patyşalary heläkleýän aýallara berme.
4Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz,
çakyr hökümdarlara gelişmez.
5Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar,
ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar.
6Çakyry heläk bolup barýana,
şeraby ajy hasrat çekýäne bergin.
7Olar içip, garyplygyny unutsyn,
azabyny ýada salmasyn.
8Agzyňy dilsizler üçin,
hossarsyzlaryň haky üçin açgyn.
9Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar,
garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber.
10Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär?
Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr.
11Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr,
hiç zada mätäç bolmaz.
12Ol ärine ýamanlyk däl-de,
bütin ömrüne ýagşylyk edýändir.
13Ýüňi we zygyry saýlaýandyr,
elleri höwes bilen işleýändir.
14Ol söwda gämileri ýaly,
içerisiniň iýjegini uzakdan getirýändir.
15Entek garaňkyka turup,
içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.
16Oýlanyp, ekin meýdanyny satyn alýandyr,
eliniň gazanjy bilen üzümleri oturdýandyr.
17Bilini berk guşap,
gollaryna güýjüni toplaýandyr.
18Harydynyň peýdasyny bilýändir,
çyrasy gijesine-de sönýän däldir.
19Elini çarha goýýandyr,
barmaklary igi tutýandyr.
20Garyba eli açykdyr,
mätäje elini uzadýandyr.
21Içerisi üçin gardan gorkýan däldir,
çünki bütin içerisi galyň geýinýändir.
22Özi ýorgan köpeýändir,
lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.
23Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar,
ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.
24Keteniden lybaslar tikip satýandyr,
söwdagärlere guşaklar eltip berýändir.
25Güýç hem hormat onuň lybasydyr.
Geljege seredip guwanýandyr.
26Danalyk bilen sözleýändir,
dilinde oňat öwütler bardyr.
27Içerisiniň işlerine oňat seredýändir,
ýaltalyk çöregini iýýän däldir.
28Çagalary turup, oňa alkyş aýdýandyr,
äri hem turup, ony taryplaýandyr:
29«Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür,
ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň».
30Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur,
diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.
31Elleriniň miwesini oňa beriň,
goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün.
Copyright information for
TukLat16