‏ Proverbs 8

1Danalyk çagyrmaýarmy eýsem?
Belent jar çekýän düşünje dälmidir?

2Danalyk ýol ýakasyndaky belentligiň üstünde,
ýodalaryň çatrygynda durýar.

3Ol şäher derwezeleriniň agzynda,
girelgeleriň öňünde durup jar çekýär:

4«Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn,
çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin.

5 Nadanlar, akylly boluň!
Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.

6Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn,
dogryny beýan edýärin.

7Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär,
agzym ýalany ýigrenýär.

8Bar sözüm dogrudyr,
ýokdur egri-ýalany.

9Düşünýäne olaryň ählisi aýdyňdyr,
bilim tapanlar üçin dogrudyr.

10Kümşi däl, nesihatymy al,
sap altyn ornuna bilim al.

11Çünki danalyk jöwherden gowudyr,
hiç arzyly zat oňa taý gelmez.

12Men danalykdyryn, pähim-paýhas bilen ýaşaýaryn,
bilim hem akyllylyk mendedir.

13 Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir.
Men tekepbirligi hem ulumsylygy,
ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.

14Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir.
Paýhas mendirin,
güýç-kuwwat hem mendedir.

15Men arkaly patyşalar şalyk edýärler,
hökümdarlar adyl höküm çykarýarlar.

16 Serdarlar, emeldarlar, barça dogruçyl höküm ýöredýänler
meniň üstüm bilen höküm sürýärler.

17Meni söýýänleri söýýärin,
meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.

18Baýlyk, şöhrat, tükenmez mal-mülk
we adalat mendedir.

19Meniň miwäm tylladan, sap altyndan gowudyr,
meniň peýdam saýlama kümüşden oňatdyr.

20 21Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän,
olaryň hazynalaryny doldurýan.
Çünki men dogrulyk ýolundan,
adalat ýodalaryndan ýöreýän.

22Reb owal başda meni emele getirdi,
Onuň eden işleriniň ilkinjisi mendim.

23Gadymyýetde,
Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim.

24Düýpsüz suwlar ýokka,
bol suwly çeşmeler ýokka doguldym.

25 26Daglary ýerde dikeltmänkä,
depeler döremezden öň emele geldim.
Reb zemini,
ýeriň topragyny entek ýaratmandy.

27Hudaý gökleri berkarar eden mahaly,
düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim.

28Gökde bulutlary berkidip,
düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda,

29suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip,
deňze çäk çeken mahaly,
Ýeriň binýadyny tutan mahaly,

30bir ussa ýaly men Onuň ýanyndadym.
Her gün Onuň begenjidim,
Onuň huzurynda elmydam şatlanýardym.

31Onuň tutuş dünýäsinden şatlandym,
ynsan ogullaryna begendim.

32Indi, ogullarym, meni diňläň!
Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!

33Öwüt-nesihatyma gulak goýup, akyl-paýhasly boluň,
ony harlamaň.

34Her gün derwezämi garawullap,
gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!

35Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar
we Rebbiň razylygyny gazanar.

Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär.
Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».
36

Copyright information for TukLat16