‏ Proverbs 13

1Akylly ogul atasynyň öwredenini diňleýär,
masgaralaýjy bolsa käýinje gulak asmaýar.

2Ýagşylar agzynyň miwesinden hasyl alar,
ýöne haýynlaryň islegi zulumdyr.

3Diline berk janyny goraýandyr,
agzyboşlar heläkçilige barýandyr.

4Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar,
janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.

5Dogruçyl ýalan sözi ýigrenýär,
erbet bolsa ryswalyk getirýär.

6Dogruçyllyk dogrularyň ýoluny goraýar,
ýöne günä erbetleri ýykýandyr.

7Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok.
Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.

8Adamyň baýlygy janyna töleg bolýar,
ýöne garyp haýbaty diňleýän däldir.

9Dogruçylyň nury şöhle saçýar,
erbediň çyrasy öçýär.

10Tekepbirlikden diňe jedel döreýär,
maslahat soraýanda danalyk.

11Duýdansyz gelen baýlyk barha azalar,
el bilen çöpleýän köp gazanar.

12Uzaga çeken tama ýürek derdidir,
hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.

13Öwüdi äsgermeýän özüni heläk edýär,
buýrugy saklaýan bolsa sylag-serpaý alýar.

14Akyldaryň öwüdi
ölüm duzagyndan sowýan ýaşaýyş çeşmesidir.

15Sagdyn pikir merhemet gazanýar,
haýynyň ýoly muşakgata barýar.

16Seresaplylar bilim bilen iş edýändirler,
akmak bolsa samsyklygyny görkezýändir.

17Erbet ilçi başa bela getirýär,
sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.

18Öwüt-nesihaty ret eden garyplyk hem biabraýlyk alar,
käýinji kabul edene hormat.

19Amala aşan arzuw jana rahatlyk berýär,
ýamanlykdan aýrylmagy akmak ýigrenýär.

20Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar,
akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.

21Günäkäri betbagtlyk kowalaýar,
dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.

22Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar,
ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.

23Garybyň ýeri bol hasyl berýär,
ýöne ol adalatsyzlyk bilen süpürilip äkidilýär.

24Taýagyny gaýgyrýan adam ogluny ýigrenýändir,
ony söýýän bolsa wagtynda terbiýe berýär.

25Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr,
emma erbetleriň garny aç galar.
Copyright information for TukLat16