‏ Proverbs 14

1Akyldar zenan öýüni gurýar,
akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar.

2Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr,
Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.

3Tekepbiriň sözi – özüne gamçy,
dananyň dodagy bolsa özüni goraýandyr.

4Öküzler ýok wagty ahyr arassa,
hasylyň bolçulygy bolsa öküziň güýji bilendir.

5Sadyk şaýat ýalan sözlemez,
galp şaýat her deminde ýalan ýagdyrýandyr.

6Masgaralaýjy danalyk agtarsa-da, ony tapýan däldir,
düşünjeli adama bolsa bilim aňsatdyr.

7Akmagyň ýanyndan çekil,
çünki onuň agzyndan bilim almarsyň.

8Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir,
akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.

9 Akmaklar günä gülýändirler,
ýöne hoşallyk dogruçyllaryň arasyndadyr.

10Ýürek öz derdini özi bilýändir,
şatlansa-da keseki goşulýan däldir.

11Erbetleriň öýi weýrana dönýär,
dogruçyllaryň çadyry pajarlap ösýär.

12Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär,
ýöne onuň soňy ölüme barýar.

13Käte gülki içinde-de ýüregiň gamgyn,
şatlygyň soňunda-da gam bardyr.

14Wyždansyz öz ýollaryndan,
ýagşy adam öz edeninden kanagatlanar.

15 Nadan her söze ynanýandyr,
paýhasly adam bolsa öz ädimini oýlaýandyr.

16Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr,
akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap, soňuny saýmaz.

17Gaharjaň adam akmaklyk edýändir,
mekir adam hem ýigrenilýändir.

18 Nadanlar akmaklygy miras alýar,
paýhaslylar bolsa bilim täjini geýýär.

19Ýamanlar ýagşylaryň öňünde,
erbetler dogruçylyň gapysynda baş egýändir.

20Garyby öz ýakynlary-da ýigrenýändir,
baýy bolsa söýýän köpdür.

21Öz ýakynyny ýigrenýänler günä edýändir,
garyba rehim edýän bolsa bagtlydyr.

22Ýamanlygy niýet edýänler ýalňyşmaýarlarmy?
Ýagşylygy pikir edýänler sadyk söýgi gazanmaýarlarmy?

23Her bir zähmetden haýyr geler,
boş gep diňe mätäçlik getirer.

24Danalygyň baýlygy hormat täjidir,
akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.

25Çyn şaýat adamy halas edýändir,
ýalançy şaýat bolsa dönüklik edýändir.

26Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr,
onuň çagalaryna-da pena bolar.

27Ynsany ölüm duzagyndan sowar ýaly,
Rebden gorkmak ýaşaýyş çeşmesidir.

28Patyşanyň şöhraty halkyň köplügindedir,
halkyň ýok bolmagy hökümdaryň heläkçiligidir.

29Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür,
dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.

30Asuda paýhas bedene ýaşaýyş berýär,
göriplik bolsa süýekleri çüýredýär.

31Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr,
mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.

32Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar,
dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.

33Danalyk düşünjeli ýürekde ýaşaýar,
hatda akmaklar arasynda-da bildirýär.

34Dogrulyk milleti beýgeldýän bolsa,
günä halklara utançdyr.

Paýhasly iş edýän hyzmatkär patyşanyň merhemetini gazanýar,
masgara iş edýän bolsa Onuň gazabyna duçar bolýar.
35

Copyright information for TukLat16