‏ Proverbs 5

1 2Oglum, akyllylygy gorar ýaly,
dodagyň bilimi gorar ýaly,
meniň danalygyma üns ber;
düşünjäme gulak as.

3Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr,
sözleri ýagdan ýumşakdyr.

4Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr,
ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.

5Onuň aýaklary ölüme,
ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.

6Ol ýaşaýşa barýan ýol barada oýlanmaýar;
ugry bulaşyk,
özi muny bilmeýär.

7Şonuň üçin, ogullarym, meni diňläň,
agzymyň sözlerinden çykmaň.

8Ol aýaldan gaça duruň,
onuň bosagasyna ýakynlaşmaň.

9Ýogsa abraýdan düşersiň,
zalyma bergidar bolarsyň.

10Çeken azabyň hözirini başgalar görer,
gazanjyň özgäniň öýüne gider.

11Ah çekip nalarsyň ömrüň soňunda,
teniň hem bedeniň guranda.

12Diýersiň şonda: «Men näme üçin terbiýäni ýigrendim,
ýüregim-de käýinji ret etdi?

13Mugallymlarymy diňlemedim,
öwredýänlere gulak asmadym.

14Jemlenen jemagatyň öňünde,
tas masgara bolupdym».

15Suwy diňe öz guýyňdan,
öz çeşmäň akaba suwundan iç.

16Çeşmeleriň köçelere,
bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?

17Olary özge bilen paýlaşma,
olar diňe özüňki bolsun.

18Bulagyň suwlary ak pataly bolsun,
ýaşlykda öýleneniňe guwan.

19Ol bir söýgüli jeren, näzik maral ýalydyr,
onuň göwüsleri seni gandyrsyn.
Mydama keýpli joş.

20Oglum, seni näme üçin başga aýal joşdurmaly?
Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?

21Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr,
olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.

22Erbetler öz etmişinde tutulyp,
günälerine baglanýarlar.

Olar terbiýesizlikden ölerler,
aşa akmaklygyndan azaşarlar.
23

Copyright information for TukLat16