‏ Proverbs 7

1Oglum, meniň sözlerimi sakla,
buýruklarymy unutma.

2Buýruklarymy sakla, şonda ýaşarsyň,
öwütlerimi gözüň göreji ýaly aýa.

3Olary barmaklaryňa dak,
ýüregiň gatyna ýazyp goý.

4 5Özüňi zynahor aýaldan saklar ýaly,
süýji dilli başga aýaldan gorar ýaly,
danalyga: «Sen meniň uýam» diý.
Paýhasa: «Garyndaşym» diý.

6Bir gezek men öz öýümiň penjiresinden,
gözenegiň arasyndan aşak seredýärdim.

7 Nadan jahyllaryň arasynda
bir kemakyl ýaş ýigidi gördüm.

8 9Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp, garaňky düşende,
burçdaky ol aýalyň öýüne golaý köçeden geçip,
onuň öýüne tarap barýar.

10Seret, bir aýal öňünden çykdy,
loly lybasyndaky gara ýürekli aýal ony garşy aldy.

11Ol şermendedir hem hötjetdir,
öz öýünde oturyp bilmez.

12Bir görseň köçede, bir görseň bazarda,
her burçda bir adama garaşýandyr.

13Aýal ýigidi gujagyna garbap, ony ogşaýar,
ýüzüni galňadyp, şeýle diýýär:

14«Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim,
salamatlyk gurbanlygyny berdim.

15Şonuň üçin seni garşylamaga çykdym,
gözlegiňe çykdym-da, indi tapdym.

16Dürli gülli müsür matasyndan düşek ýazdym.

17Düşegime hoşboý ysly mür,
ahalot hem dalçyn sepdim.

18Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak,
aýşy-eşretden lezzet alaly.

19Çünki ärim öýde ýok;
ol uzak ýola gitdi.

20Ýanyna kümüşli horjunyny aldy.
Aý dolýança, öýe dolanmaz».

21Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär,
süýji dili bilen ýigidi yrýar.

22 23Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly,
bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly,
janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly,
aýalyň yzyna düşýär.

24Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň,
aýtjak sözüme üns beriň.

25Ýüregiňiz onuň ýoluna yrylmasyn,
onuň ýodalarynda azaşmaň.

26Çünki ol köpleri ýaralap ýykdy,
pidalary sansyz-sajaksyzdyr.

Onuň öýi ölüler dünýäsiniň ýoludyr,
ölüme inýändir.
27

Copyright information for TukLat16