Psalms 102
Dawudyň mezmury
1 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm,mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.
2Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym,
Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.
3Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar,
ähli dertleriňe Ol şypa berýär.
4Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär,
sadyk söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.
5Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär:
bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.
6Reb ezilenleriň ählisi üçin
berjaý edýär hak-adalaty.
7Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny,
ysraýyl halkyna – Öz işlerini.
8Reb rehimdar we merhemetli,
sadyk söýgä baý we giň göwünli,
9Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz,
Öz gaharyny baky saklamaz.
10Ol bize günälerimize görä garanok,
ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.
11Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa,
Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
12Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa,
şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar.
13Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin,
Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.
14Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär,
biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.
15Ynsan ömri ota meňzeýär,
meýdan güli kimin olar gülleýär,
16üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar;
öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.
17– 18Emma Rebden gorkýanlar üçin,
ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi.
Rebbiň ähtini saklap,
buýrugyny berjaý edýänler üçin,
Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.
19Reb tagtyny göklerde berkarar etdi,
Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr.
20Eý, Rebbiň edermen perişdeleri –
Onuň buýruklaryny berjaý edýänler,
Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar,
Rebbi alkyşlaň!
21Eý, Onuň islegini berjaý edip,
Oňa hyzmat edýän melekleri,
Rebbi alkyşlaň!
22Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki
ýaradan zatlarynyň ählisi,
Rebbi alkyşlaň!
Eý, janym, Rebbi alkyşla!
Copyright information for
TukLat16