‏ Psalms 103

1Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym!
Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym!
Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!
2Sen nury don kimin geýýäň,
gökleri çadyr dek gerýäň.
3Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň,
bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň,
ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.
4Sen ilçileri ýeller dek edýäň,
emeldarlary ot-alaw edýäň.
5Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň,
ol sarsmaz asyrlarboýy.
6Sen ony çuňluklara beslediň,
daglar suwlaryň astynda galdy.
7Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär,
gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar.
8Olar daglardan aşyp, jülgelere –
Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.
9Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip,
olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.
10Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň,
olar daglaryň aralaryndan akýar.
11Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar,
gulanlary suwdan gandyrýar.
12Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar,
ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.
13Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň,
Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.
14Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip,
olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
15ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby,
onuň ýüzüni ýaldyradýan zeýtun ýagyny,
ynsan ýüregine kuwwat berýän çöregi.
16Rebbiň agaçlary –
Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.
17Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär,
onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.
18Belent daglar dag geçileri üçindir,
baýyrlar torsuklara penadyr.
19Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy,
Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.
20Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde,
ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.
21Aw üçin arslanlar arlaýar,
olar Hudaýdan rysklaryny dileýär.
22Gün dogýar, olar yza çekilýär,
sürenlerine girýär-de, ýatýar;
23ynsan öz işine ugraýar,
agşama çenli ol zähmet çekýär.
24Ýa Reb, Seniň işleriň neneň köpsanly!
Sen olaryň baryny etdiň paýhasly,
Seniň ýaradanlaryňdan ýer ýüzi doly.
25Ine, deňiz: ol ägirt we giň
ol ýerde san-sajaksyz süýrenijiler,
ululy-kiçili jandarlar bardyr.
26Ol ýerde gämiler ýüzýär,
deňiz içre oýnasyn diýip ýaradan aždarhaň-da bar.
27Rysklaryny wagtynda berersiň diýip,
olaryň bary Saňa garaşýar.
28Sen berýärsiň – olar ýygnaýar,
eliňi açýarsyň – näz-nygmatdan doýýar.
29Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär,
janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar.
30Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar,
Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň.
31Goý, Rebbiň şöhraty ebedi bolsun,
Reb Öz işleri babatda şadyýan bolsun.
32Ol ýere seredýär, ol hem titreýär,
daglara elin degirýär – olar tüteýär.
33Men ömürboýy Rebbe nagma aýdaryn,
demim barka Hudaýyma alkyş okaryn.
34Meniň oýlanmalarym, goý, Onuň göwnünden tursun,
çünki men Rebde şatlanýandyryn.
35Goý, günäliler ýer ýüzünden ýok bolsun,
erbet adamlar indi asla bolmasyn.
Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Copyright information for TukLat16