‏ Psalms 106

BÄŞINJI KITAP

(106–150‑nji mezmurlar)

1«Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky!» –
2diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn.
Ol olary duşman elinden halas eýledi,
3olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi:
gündogardan hem günbatardan
demirgazykdan hem günortadan.

4Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy,
ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.
5Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa,
olarda ysgyn-mydar galmady.
6Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
7Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä,
Ol olary göni ýoldan ýöretdi.
8Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin.
9Çünki Ol teşne jany gandyrýar,
ajygany näz-nygmatdan doýurýar.
10Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady,
zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.
11Çünki olar Hudaý sözüne tabyn bolmandy,
Beýik Hudaýyň öwüdine äsgermezlik edipdi.
12Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi:
ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.
13Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
14Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy,
olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.
15Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin.
16Çünki Ol bürünç derwezeleri çym-pytrak etdi,
demir söýeleri ikä bölüp taşlady.
17Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly,
akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.
18Olar iýmitiň islendigini ýigrendi,
ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.
19Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
20Ol sözüni iberdi we şypa berdi,
olary gabra inmekden halas eýledi.
21Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin,
22şükür gurbanlyklaryny, goý, hödürlesin,
Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.
23Deňizdäki gämilerde ýüzýänler,
haýbatly suwlarda söwda edýänler
24Rebbiň işlerini,
çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:
25Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy,
ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.
26Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi,
gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.
27Serhoş kimin yranyp entirekledi,
akyl-huşlary başyndan uçdy.
28Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy,
Ol hem görgülerinden halas eýledi.
29Ol tupany asudalyga öwürdi,
deňiz tolkunlary köşeşdi.
30Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy,
Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi.
31Rebbiň sadyk söýgüsi üçin,
adamzada edýän ajaýyp işleri üçin,
goý, olar Oňa şükürler etsin.
32Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin,
ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.
33 34Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly,
derýalary öwürýär çölüstanlyga,
suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga,
bereketli topragy – şorluk ýerlere.
35Ol çöli öwürýär kak köllerine,
gurak topragy – suw gözbaşyna.
36Ol şol ýerde aç-suwsuzlary ýaşadýar,
olar hem ýaşamak üçin şäher gurunýar.
37Olar meýdanlara ekin ekýär, üzüm baglaryny oturdýar
hem-de boldan – bol hasyly alýar.
38Hudaýyň berekedi arkaly olar köpelýär,
Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.
39Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly,
azalyp, boýun egdirilende,
40Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar,
olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.
41Mätäji bolsa görgülerinden dyndyrýar,
onuň maşgalasyny süri kimin köpeldýär.
42Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar,
erbetler bolsa agzyny ýumýar.
43Paýhasy bolan muňa üns bersin,
Rebbiň sadyk söýgüsini aňlasyn.
Copyright information for TukLat16