Psalms 115
1«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim,ýöne şonda-da men iman etdim.
2Howsala düşen wagtymda:
«Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.
3 Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň
öwezini nädip dolaýyn?
4Gutulyş pyýalasyny galdyryp,
Rebbim diýip Ony çagyraryn.
5Bütin halkynyň öňünde
Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.
6Rebbiň sadyklarynyň ölümi
Onuň üçin nähili agyr!
7Ýa Reb! Men Seniň bendäň,
men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly;
Sen zynjyrlarymy gyryp taşladyň.
8Saňa şükür gurbanlygyny hödür ederin,
Rebbiň adyny men çagyraryn.
9– 10Bütin halkynyň öňünde,
Reb öýüniň howlularynda,
eý, Iýerusalim, seniň içiňde,
Rebbe eden kasamlarymy berjaý ederin.
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Copyright information for
TukLat16