Psalms 117
1Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,Onuň söýgüsi baky!
2Goý, Ysraýyl diýsin:
«Onuň söýgüsi baky».
3Goý, Harunyň nesli diýsin:
«Onuň söýgüsi baky».
4Goý, Rebden gorkýanlar diýsin:
«Onuň söýgüsi baky».
5Darygan çagymda çagyrdym Rebbi,
Reb jogap berdi, göwnüme saldy giňligi.
6Reb – tarapdarym, gorkmaýaryn men,
ynsan maňa näme edip bilsin?
7Reb kömekçi dek tarapdarymdyr,
meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin.
8Ynsana bil baglandan,
Rebbi pena edinmek ýagşy.
9Şalara bil baglandan,
Rebbi pena edinmek ýagşy.
10Ähli milletler gurşap aldy daşymy,
Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
11Olar gurşap aldy meniň daşymy,
çar tarapdan gabady meni,
Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
12Olar ary kimin meni gurşady,
ýöne ýandak ody dek söndi,
Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
13Ýykylarym ýaly, gaty itildim,
emma Reb boldy meniň kömegim.
14Reb – güýjüm hem-de aýdymym,
Ol meniň Halasgärimdir.
15Dogrularyň çadyrlarynda
şatlyk, ýeňiş nagmalary ýaňlanýar:
«Rebbiň goly zor işleri görkezýär!
16Rebbiň goly belende galýar!
Rebbiň goly zor işleri görkezýär!»
17Men ölmerin, aman ýaşaryn
hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin.
18Reb meni berk jezalandyrdy,
emma ölüme meni bermedi.
19Açyň maňa dogrulyk derwezelerini,
men girip, Rebbe şükür edeýin.
20Bu – Rebbiň derwezeleri,
dogrular ondan girerler.
21Men Saňa şükür edeýin,
çünki jogap berdiň, meni halas eýlediň.
22Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
23Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy.
24Bu – Rebbiň ýaradan güni,
geliň onda begeneli we şatlanaly.
25Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi,
Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi.
26Reb adyndan gelýän bolsun alkyşly!
Reb öýünden siziň üçin etjek doga-dilegi.
27Beýik Hudaýdyr,
üstümize nur saçan Oldur.
Gurbanlyk malyny alyň,
ony gurbanlyk sypasyna daňyň.
28Sen – meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek,
Sen – meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek.
29Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy,
Onuň söýgüsi baky!
Copyright information for
TukLat16