‏ Psalms 118

Alef

1Kämil ýoldan ýöreýänler,
Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr!
2Onuň düzgünlerini saklaýanlar,
tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr!
3Olar nähak işi etmeýär,
olar Onuň ýollaryndan ýöreýär.
4Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi,
Sen emr etdiň.
5Parzlaryňy berjaý ederim ýaly,
hernä üýtgemesedi meniň ýollarym.
6Şonda tabşyryklaryňa nazar salanymda,
men utanmaryn.
7 Adalatly hökümleriňi öwrenen çagym,
päk ýürekden Saňa öwgi aýdaryn.
8Seniň parzlaryňy berjaý ederin,
bütinleý terk etmegin meni.
Bet 9Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler?
Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen.
10Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen,
meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen.
11Saňa garşy günä etmäýin diýip,
Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym.
12Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun!
Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.
13Agzyňdan çykan adalatly hökümleriň baryny,
men dilim bilen yglan edýärin.
14Seniň düzgünleriňden lezzet alýaryn,
göýä ähli baýlyga eýe bolan ýaly bolýaryn.
15Buýruklaryň barada men oýlanaryn,
Seniň ýollaryňa dykgat bererin.
16Parzlaryňdan lezzet alaryn,
Seniň sözüňi men unutmaryn.
Gimel 17Ýaşap, sözüňi saklap bilerim ýaly,
Sen bendäňe et jomartlygy.
18 Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly,
Sen aç meniň gözlermi.
19Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde,
Öz tabşyryklaryňy gizleme menden.
20 Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim,
elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim.
21Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara:
tekepbirlere hem-de lagnatlylara.
22Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr,
çünki düzgünleriňi men saklandyryn.
23Hökümdarlar oturyp, maňa garşy dil birikdirýär,
bendäň bolsa parzlaryň barada oý-pikire batýar.
24Seniň düzgünleriň – keýpiköklügim,
olar meniň – geňeşdarlarym.
Dalet 25Meniň janym gara ýere ýapyşýar,
Öz sözüňe laýyklykda maňa ber ömri.
26Men beýan edenimde öz ýollarymy,
Sen maňa berdiň jogaby;
öwret maňa Öz parzlaryňy.
27Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny,
ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn.
28Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar,
Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber.
29Ýalan ýollary menden uzak et,
merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret.
30Wepalylyk ýoluny men saýlap aldym,
Seniň adalatly hökümleriňi öňümde goýdum.
31Ýa Reb, düzgünleriňden mäkäm ýapyşdym,
Sen meni utanja goýma.
32Tabşyryklaryňyň ýolundan ylgaýaryn men,
çünki Sen kalbymyň düşünjesini giňeltdiň.
He 33Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret,
men ony ahyra çenli saklaryn.
34Maňa düşünje ber kanunyňy berjaý ederim ýaly,
ony tutuş ýüregim bilen saklarym ýaly.
35Tabşyryklaryňyň ýolundan Sen meni ýöret,
çünki men ondan alýaryn lezzet.
36Diňe öz bähbidimi aramaz ýaly,
Öz düzgünleriňe tarap öwür ýüregimi.
37Boş hysyrdylardan sow gözlerimi,
Öz ýollaryňda maňa ber ýaşaýyşy.
38Özüňden gorkýanlara berdiň wadany:
men–bendäň babatda hem tassykla ony.
39Menden sow gorkýan masgaralygymy,
çünki Seniň adalatly hökümleriň ýagşydyr.
40Jan-tenden küýseýärin buýruklaryňy,
Öz dogrulygyňda maňa ber ýaşaýyşy.
Waw 41Ýa Reb, Öz beren wadaňa görä,
sadyk söýgiň gelsin, halas et meni.
42Şonda özümi ýaňsylanlara jaýdar jogap bererin,
çünki Seniň sözüňe bil baglaýandyryn.
43Hakykat sözüni bütinleý alma agzymdan,
çünki adalatly hökümleriňe umyt baglaýandyryn.
44Men dyngysyz, baky, ebedi
Seniň kanunyňy berjaý ederin.
45Men Seniň buýruklaryňy agtardym,
şonuň üçin erkanalykda gezerin.
46Şalaryň öňünde düzgünleriňi aýdaryn,
hiç utanmaryn.
47Seniň tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn,
çünki olary men söýýändirin.
48Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin,
parzlaryň barada oýa batýaryn.
Zaýin 49Öz bendäňe beren sözüňi ýatla,
ol arkaly umyt berensiň maňa.
50Ol darygan günümde meniň tesellim,
çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär.
51Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar,
şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän.
52Gadymy adalatly hökümleriň barada oýlananymda,
ýa Reb, men tapýaryn teselli.
53 Kanunyňy terk edýän erbetleri görenimde,
gahar-gazap gurşaýar meni.
54Gelmişek bolup ýaşan her bir ýerimde,
Seniň parzlaryň aýdymym boldy.
55Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn,
Seniň kanunyňy berjaý edýärin.
56Men şeýle durmuşy amal edýärin:
buýruklaryňy berjaý edýärin.
Ḥet 57Reb – meniň paýym
Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim.
58Tutuş kalbym bilen Saňa ýalbarýaryn:
«Öz wadaňa görä, maňa merhemet eýle».
59Öz ýollarym barada oýlananymda,
gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim.
60Tabşyryklaryňy berjaý etmeklik üçin
alňasap, olary gijikdirmedim.
61Erbetleriň tanaplary maňa duzak bolsa-da,
Seniň kanunyňy men unutmadym.
62Seniň hökümleriň adalatlydygy üçin,
ýary gije turup, Saňa öwgi aýdýaryn.
63Senden gorkýanlaryň baryna,
buýruklaryňy berjaý edýänleriň baryna
hemra bolýaryn.
64Ýa Reb, ýeriň ýüzi sadyk söýgiňden doly,
maňa öwret Öz parzlaryňy.
Ṭet 65Ýa Reb, wadaňa görä,
Öz bendäňe etdiň Sen ýagşylygy.
66Maňa öwret paýhas bilen bilimi,
çünki tabşyryklaryňa men iman etdim.
67Ejir çekmezden öň men azaşypdym,
emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin.
68Sen ýagşysyň, edýärsiň ýagşylyklary,
maňa öwret Öz parzlaryňy.
69Tekepbirler maňa myjabat atýar,
men bolsa tutuş kalbym bilen
buýruklaryňy berjaý edýärin.
70Olaryň ýürekleri daşa öwrüldi, hiç zat duýmaýar,
men bolsa kanunyňdan lezzet alýaryn.
71Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin,
ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy.
72Seniň agzyňyň sözlän kanuny
maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy.
Ýod 73Seniň elleriň meni ýaradyp, maňa durk berdi,
tabşyryklaryňy öwrenerim ýaly ber düşünjäni.
74Senden gorkýanlar meni görüp şatlanar,
çünki Seniň sözüňe umyt bagladym.
75Ýa Reb, bilýärin: adyldyr Seniň hökümleriň,
wepalylygyň sebäpli maňa ejir çekdirdiň.
76Öz bendäňe beren wadaňa görä,
sadyk söýgiň maňa teselli bolsun.
77Rehim et, goý, men ýaşaýyn
çünki kanunyň – keýpiköklügim.
78Tekepbirler, goý, utanja galsyn,
çünki olar nähak ýere şyltak atdylar,
men bolsa buýruklaryň barada oýa bataryn.
79Senden gorkýanlar düzgünleriňi bileri ýaly,
goý, olar maňa öwrülsin.
80Utanja galmazym ýaly,
kalbym parzlaryňda, goý, kämil bolsun.
Kaf 81Halas edişiňe intizar bolup, janym örtenýär,
men Seniň sözüňe umyt baglaýan.
82Seniň wadaňa intizar meniň gözlerim,
«Haçan teselli berersiň?» diýip soraýan.
83Tüsseden zaýalanan meşik deý boldum,
emma Seniň parzlaryňy men unutmadym.
84Seniň bendäň garaşmaly haçana çenli?
Aňtaýjylaryma haçan çykarjak Sen hökümiňi?
85Tekepbirler maňa çukur gazdylar,
olar Seniň kanunyňa görä ýaşamaýarlar.
86Seniň tabşyryklaryňyň bary ygtybarlydyr,
maňa kömek et, olar nähak ýere azar berýärler.
87Olar meni tas ýok edipdi ýeriň ýüzünden,
şonda-da buýruklaryňy men terk etmedim.
88Agzyňyň düzgünlerini saklap bilerim ýaly,
Öz sadyk söýgiňde maňa ber ýaşaýyşy.
Lamed 89Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde
baky berkarar boldy.
90Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy,
Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur.
91Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur,
çünki olar Saňa gulluk edýärler.
92Eger kanunyň keýpiköklügim bolmadyk bolsa,
ýok bolup giderdim gaýgy-gamymda.
93Asla unutmaryn buýruklaryňy,
çünki olar arkaly maňa ýaşaýyş berdiň.
94Men Seniňki, meni halas et,
çünki buýruklaryňa berdim men dykgat.
95Erbetler meni ýok etjek bolup, bukuda ýatýar,
men bolsa düzgünleriň barada pikire batýan.
96Gördüm ähli kämillikleriň çäklidigini,
emma Seniň tabşyryklaryň çendenaşa giň.
Mem 97Seniň kanunyňy juda söýýärin!
Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym.
98Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär,
çünki ol elmydama meniň aňymda.
99Ähli halypalarymdan paýhasly boldum,
çünki Seniň düzgünleriň – oýlanmalarym.
100 Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn,
çünki buýruklaryňy berjaý edýärin.
101Seniň sözüňi saklamak üçin,
ähli ýaman ýoldan men gaça durdum.
102Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim,
çünki maňa Sen tälim berdiň.
103Seniň wadaň maňa nähili süýji!
Ol agzyma baldan-da süýji!
104Buýruklaryň arkaly boldum paýhasly,
şonuň üçin ýigrenýärin her ýalan ýoly.
Nun 105Seniň sözüň – çyra aýaklaryma,
ol – ýagtylyk meniň ýodama.
106 Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip,
men kasam etdim we berjaý etdim.
107Men jebir-jepalar çekdim;
Ýa Reb, Öz wadaňa görä ber ýaşaýyşy.
108Ýa Reb, gurbanlyk hökmünde kabul et alkyşlarymy
hem-de öwret maňa adalatly hökümleriňi.
109Janym dyngysyz howp astynda bolsa-da,
Seniň kanunyňy unutmaýaryn.
110Erbetler maňa duzak gursa-da,
Seniň buýruklaryňdan azaşmaýaryn.
111Seniň düzgünleriň – baky mirasym,
çünki olar meniň ýürek şatlygym.
112Seniň parzlaryňy berjaý etmegi
ýüregime düwdüm baky, ahyra çenli.
Sameh 113Ikiýüzlüleri men ýigrenýärin,
Seniň kanunyňy bolsa söýýärin.
114Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym,
men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
115Eý, betkärler, menden aýrylyň,
men Hudaýymyň tabşyryklaryny berjaý edeýin.
116Wadaňa görä meni söýgetle, goý, men ýaşaýyn,
öz umydymdan hiç utanmaýyn.
117Maňa daýanç bol, halas bolaýyn,
parzlaryňa elmydama dykgat bereýin.
118Parzlaryňdan azaşanlary Sen ret edýärsiň,
çünki olaryň hilesi puçdur.
119Çöp-çör kimin taşlaýarsyň ýer ýüzündäki ähli erbetleri,
şoňa üçin men söýýärin düzgünleriňi.
120Seniň wehimiňden titreýär tenim,
men gorkýaryn hökümleriňden.
Ğaýin 121 Adalatly we hak işleri etdim,
meni sütemkärlerimiň eline berme.
122Kepillendir Öz bendäňiň abadanlygyny,
tekepbirler ezmesin meni.
123Halas edişiňe, dogry wadaňyň berjaý bolmagyna
meniň gözlerim intizar galdy.
124Bendäňe sadyk söýgiňde gara,
parzlaryňy öwret Sen maňa.
125Men Seniň bendäň, paýhas ber maňa,
akyl ýetireýin düzgünleriňe.
126Indi Rebbiň hereket etmeli wagty,
çünki ynsanlar bozdular Seniň kanunyňy.
127Men welin altyndan, sap altyndan-da köp
söýýärin Seniň tabşyryklaryňy.
128Dogry saýýaryn ähli buýruklaryňy,
ýigrenýärin her ýalan ýoly.
Pe 129Ajaýypdyr Seniň düzgünleriň,
şonuň üçin olary berjaý edýärin.
130Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär,
sada ynsanlara düşünje berýär.
131Tabşyryklaryňa bolan küýsegden ýaňa,
agzymy açamda-da, howa ýetmeýär maňa.
132Adyňy söýýänlere edişiň ýaly,
nazar salyp, maňa merhemet eýle.
133Öz wadaňa görä mäkäm et ädimlerimi,
hiç bir ýamanlyk üstümden höküm sürmesin.
134Ynsan süteminden azat et meni,
men Seniň buýruklaryňy berjaý edeýin.
135Bendäňiň üstüne saç ýüzüň nuruny,
maňa öwret Öz parzlaryňy.
136Gözlerimiň ýaşy sil deýin akýar,
çünki ynsanlar kanunyňy berjaý etmeýär.
Tsadi 137Ýa Reb, Sen – dogry,
Seniň hökümleriň hem adalatly.
138Seniň buýran düzgünleriň
adyl hem-de juda wepaly.
139Yhlasym meni ýakyp-ýandyrýar,
çünki duşmanlarym unudýar Seniň sözüňi.
140Seniň wadaň örän ygtybarlydyr,
Seniň bendäň ony söýýändir.
141Äsgerilmän, kemsidilsem-de,
unutmaýaryn buýruklaryňy.
142Seniň dogrulygyň – baky dogrulyk,
Seniň kanunyň hem hak.
143Muşakgat we külpet üstüme indi,
şonda-da tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn.
144Seniň düzgünleriň dogry asyrlarboýy,
maňa paýhas ber, goý, men ýaşaýyn.
Ķof 145Tutuş ýüregim bilen perýat edýärin,
Ýa Reb, maňa jogap ber,
men parzlaryňy berjaý edeýin.
146Seni çagyrýaryn, meni halas et,
düzgünleriňi berjaý edeýin.
147Gün dogmanka turup, perýat edýärin,
Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
148Seniň wadaň barada oýlanmak üçin,
gözlerim uzakly gijäni oýa geçirdi.
149Öz sadyk söýgiňe görä eşit sesimi,
ýa Reb, adalatyňa görä maňa ber ýaşaýyşy.
150Meni ýaman niýet bilen yzarlaýanlar ýakyna geldi,
olar Seniň kanunyňdan uzakdadyrlar.
151Emma Sen ýakynsyň, ýa Reb.
Seniň tabşyryklaryň ählisi hakdyr.
152Bilýärdim ozaldan bäri:
Seniň düzgünleriň baky berkarar.
Reş 153Jebir-jepamy gör-de, halas et meni,
çünki unutmaýan men kanunyňy.
154Hakymy alyp ber, azat et meni,
wadaňa görä maňa ber ýaşaýyşy.
155Halas bolardan uzakdyr erbetler,
çünki olar agtarmaýar Seniň parzlaryňy.
156Ýa Reb, ägirt Seniň rehimiň,
maňa adalatly hökümleriňe görä ber ýaşaýyşy.
157Meni aňtaýanlar hem-de duşmanlarym köp,
emma şonda-da düzgünleriňden çykýan däldirin.
158Ýigrenç bilen garaýaryn men dönüklere,
olar buýruklaryňy berjaý etmeýär.
159Gör, nähili söýýärin buýruklaryňy!
Sadyk söýgiňe görä ber ýaşaýyşy.
160Ýa Reb, hakykatdyr Seniň sözleriň!
Adalatly hökümleriňiň bary asyrlarboýy.
Şin 161Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar,
emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar.
162Uly hazyna edinen kimin,
Seniň wadaňa begenýärin men.
163Ýalany ýigrenip, ony nejis saýýaryn,
men Seniň kanunyňy söýýärin.
164Seniň adalatly hökümleriň üçin,
günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn.
165Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin,
olar asla büdremez.
166Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn,
tabşyryklaryňy berjaý edýärin.
167Kalbym berjaý edýär düzgünleriňi,
men olary juda söýýärin.
168Berjaý edýärin buýruklaryňy, düzgünleriňi,
çünki meniň ähli ýollarym mälimdir Saňa.
Taw 169Ýa Reb, perýadym, goý, Saňa ýetsin,
Öz wadaňa görä maňa düşünje ber.
170Ýalbaryşym, goý, Saňa ýetsin,
Öz wadaňa görä meni halas et.
171Dilim öwgüler saçar,
çünki maňa parzlaryňy öwretdiň;
172dilim Seniň wadaňy nagma ediner,
çünki tabşyryklaryňyň ählisi dogry.
173Seniň eliň maňa, goý, ýardam bersin,
çünki tabşyryklaryňa tabyn bolmagy men karar etdim.
174Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men,
Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn.
175Goý, köňlüm ýaşasyn, Seni şöhratlandyrsyn,
Seniň adalatly hökümleriň maňa, goý, kömek bersin.
176Ýiten goýun kimin azaşdym, gözle bendäňi,
çünki tabşyryklaryňy unutmaýaryn.
Copyright information for TukLat16