Psalms 119
Zyýarat nagmasy
1Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi,Ol hem maňa berdi jogaby.
2Ýa Reb, ýalançy agyzdan,
hileli dilden halas et meni.
3Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler!
Onuň üstesine näme goşular?
4Edermeniň ýiti oklary,
ojaryň ýandyryjy közleri!
5Dat-bidat meniň halyma!
Çünki Meşekde sergezdan boldum,
Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;
6dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde,
uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.
7Parahatlygyň tarapdary men,
emma agzymy açan badyma,
olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.
Copyright information for
TukLat16