Psalms 137
Dawudyň mezmury
1Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin,ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.
2 Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin,
Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin.
Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi
ähli zatdan beýgeltdiň.
3Çagyran günümde Sen jogap berdiň,
janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.
4Ýa Reb, ýer ýüzüniň ähli şalary
Saňa şükür edýärler,
çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.
5Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar,
çünki Rebbiň şöhraty beýik.
6Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar,
emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.
7Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň,
duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň.
Seniň goluň meni halas eýleýär.
8Reb meniň arymy alar;
ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar,
Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.
Copyright information for
TukLat16