Psalms 139
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.2Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et,
zalym adamlardan meni penala.
3Olar betniýetleri ýüregine düwýär,
olar dyngysyz uruş turuzýar.
4Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär,
agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
5Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla
hem-de zalym adamdan gora.
Olar aýagyma badak atmak isleýär.
6Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular,
torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular,
ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela
7Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň,
ýa Reb, dady-perýadymyň sesini eşit.
8Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň
söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
9Ýa Reb, erbet adamy myradyna ýetirme,
onuň betniýetleri berjaý bolmasyn,
ol beýgelmesin!» Sela
10Meni gabanlaryň agzyndan çykan gargyşlar,
goý, olaryň öz başlaryndan insin.
11Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin,
goý, olar oda, çuň gorpa düşsün,
goý, olar asla çykyp bilmesin.
12Töhmetçiler ýurtda, goý, ornaşmasyn,
betbagtlyk zalym adamy, goý, aw edinsin.
13Bilýärin: Reb ezilenleriň işine garar,
mätäçlere adalatly karar çykarar.
14Dogrular Seniň adyňa şükür ederler,
dogry ynsanlar huzuryňda mesgen tutarlar.
Copyright information for
TukLat16