Psalms 142
Dawudyň mezmury
1Ýa Reb, dogamy eşit,dady-perýadyma gulak goý;
Öz sadyklygyňda we dogrulygyňda,
maňa jogap ber!
2Öz bendäň bilen dawa girişme,
çünki dirileriň hiç biri
Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.
3Duşmanlar aňtaýar meniň janymy,
ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy,
gadymyýetde ölenler kimin,
olar tümlükde oturtdy meni.
4Şoňa görä, ruhum sustlandy,
meniň ýüregim sarsdy.
5Gadymky günleri ýada salýaryn,
Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn,
Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.
6Saňa tarap ellerimi gerýärin.
Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela
7Ýa Reb, maňa tizräk jogap beräý-dä!
Meniň ruhum ysgyndan düşýär!
Gabra inýänlere meňzemez ýaly,
menden gizleme Sen Öz ýüzüňi.
8Ertirlerine maňa duýdur sadyk söýgiňi,
çünki Saňa baglaýan bili.
Maňa bildir ýöremeli ýolumy,
çünki men Saňa intizardyryn.
9Ýa Reb, duşmanlarymdan halas et meni,
men Seni pena edinýändirin!
10Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret,
çünki meniň Hudaýym Sensiň!
Seniň ýagşy Ruhuň
düz ýoldan meni äkitsin!
11Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna,
gora Sen ýaşaýşymy!
Öz dogrulygyňyň hatyrasyna,
muşakgatdan halas eýle janymy!
12Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna,
meniň duşmanlarymy heläk edersiň;
janyma ezýet berýänleriň baryny weýran edersiň,
çünki men Seniň bendäňdirin.
Copyright information for
TukLat16