Psalms 143
Dawudyň mezmury
1Meniň ellerime uruşmagy,barmaklaryma söweşmegi öwredýän
gaýam Rebbe alkyşlar bolsun!
2Ol meniň sadyk söýgimdir,
meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir,
meniň galkanym, Penakärimdir.
Ol halklary ▼
▼Halklary – käbir golýazmalarda meniň halkymy.
maňa tabyn edýändir.3Ýa Reb, ynsan kimmişin,
Sen onuň aladasyny ederiň ýaly?
Ynsan ogly kimmişin,
Sen onuň pikirini ederiň ýaly?
4Ynsan bir dem kimindir,
onuň ömri geçip barýan kölege deýdir.
5Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in,
daglara el degir, goý, tütesinler!
6Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary,
peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary!
7Beýiklikden uzat eliňi,
haýbatly suwlardan, kesekilerden
azat et, halas et meni.
8Olaryň agzy ýalan sözleýär,
olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.
9Eý, Hudaý, Saňa täze nagma aýdaryn,
on kirişli guralda Saňa mukam çalaryn.
10Sensiň şalara ýeňişler berýän,
bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.
11Meni azat et,
kesekileriň elinden halas et meni.
Olaryň agzy ýalan sözleýär,
ýalan kasam üçin olar sag elini galdyrýar.
12Ogullarymyz ýaş çagynda,
ösümlik deý pajarlap össün.
Gyzlarymyz köşgüň
haşamlanan sütünleri deý bolsun.
13Ammarlarymyz dürli azyk-owkatlardan,
goý, dolup-daşsyn.
Goýunlarymyz örülerde
müňlerçe, on müňlerçe bolup örňesin.
14Sygyrlarymyzyň höwri köp bolsun,
duşman gala diwaryny, goý, böwüsmesin;
olar bizi ýesirlige almasyn,
köçelerimizde ahy-nalyş bolmasyn!
15Şeýle ýalkanan halk nähili bagtly!
Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!
Copyright information for
TukLat16