Psalms 150
1Rebbe şan-şöhrat bolsun!Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň,
Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!
2Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň,
Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň!
3Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň,
arfada we lirada şöhratlandyryň!
4Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň,
kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!
5Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň,
Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!
6Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary,
Rebbi şöhratlandyrsyn!
Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Copyright information for
TukLat16