‏ Psalms 17

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:
2Seni söýýärin, ýa Reb – kuwwatym.
3Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim,
Hudaýym – pena edinýän gaýam,
galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
4Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn,
hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.
5Ölüm tanaplary maňa oraldy,
weýrançylyk silleri meni garbady.
6Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy,
ölüm duzaklary garşymdan çykdy.
7Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym,
öz Hudaýyma men perýat etdim.
Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi;
Onuň gulagyna perýadym ýetdi.
8Şonda zemin çaýkandy hem endiredi,
daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi,
sebäbi Reb gazaba mündi.
9Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan,
ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.
10Ol gökleri böwsüp, aşaga indi,
zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
11Ol bir keruba
Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret.
mündi-de, uçdy,
ýeliň ganatlarynda gaýdy.
12Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi,
telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni.
13Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa
köreýän közlerdir doly
böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.
14Reb göklerde güňleç gürledi,
Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.
15Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny,
ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
16Şonda, ýa Reb, Seniň käýinjiňden,
burnuňdan çykan demiňden ýaňa,
deňziň geçelgeleri göründi,
dünýäniň-de binýatlary açyldy.
17Ol belentden ýetdi hem meni aldy
Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
18Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan,
çünki olar güýçlüdi menden.
19Olar betbagt günümde garşyma çykdy,
ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
20Meni giň ýere çykardy hem halas etdi,
çünki Ol menden göwnühoş boldy.
21Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy,
ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.
22Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim,
Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim.
23Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary,
özümden daşlaşdyrmadym Onuň parzlaryny.
24Men kämildim Onuň öňünde,
sakladym özümi günä etmekden.
25Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä,
Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.
26Sadyklyk edýärsiň Sen sadyklara,
kämillik edýärsiň Sen kämillere,
27päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara,
egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.
28Pesgöwünli halky halas edýärsiň,
emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.
29Ýa Reb, çyrama nur berýän Sensiň,
Hudaýym ýagtyldýar meň tümlügimi.
30Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin,
Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.
31Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr,
Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.
32Çünki Rebden başga Hudaý ýok!
Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
33Ol meni kuwwata besleýän Hudaý,
Ol meniň ýolumy aýypsyz edýär.
34Aýaklarymy keýigiňki dek edýär,
belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.
35Urşa türgen edýär Ol ellerimi,
gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.
36Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň,
Seniň goluň meni goldaýar,
Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
37Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň,
meniň aýaklarym taýmaýar.
38Duşmanlarymy kowalap, yzlaryndan ýetýärin,
olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.
39Men olary derbi-dagyn edýärin, galyp bilmeýär,
aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.
40Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň,
garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.
41Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy,
gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.
42Perýat etseler-de, olary halas edýän ýok;
Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.
43Olary owradyp, tozan dek ýele sowurýan,
köçeleriň palçygy kimin taşlaýan.
44Söweşjeň halkdan meni halas eýleýäň,
Sen meni milletlere baş edip goýýaň,
tanamadyk halkym tabyndyr maňa.
45Meni eşiden dessine boýun bolýarlar,
ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.
46Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär,
olar galalaryndan titreşip çykýar.
47Reb diridir! Meniň Gaýam alkyşly bolsun!
Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
48Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr,
Ol halklary maňa tabyn edýändir,
49Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär.
Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň,
hem-de meni zalymdan halas edýärsiň.
50Munuň üçin, ýa Reb,
milletler arasynda Seni alkyşlaryn,
Seniň adyňa nagmalar aýdaryn.
51Ol Öz şasyna beýik ýeňişler berýär,
seçip-saýlan Dawudyna, onuň nesline
elmydama sadyk söýgüsini görkezýär.
Copyright information for TukLat16