Psalms 19
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.2Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin,
Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.
3Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin
hem-de Siondan seni goldasyn.
4Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn,
ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela
5Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin,
ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.
6Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys,
Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris.
Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.
7Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder.
Ol golunyň gudratly işleri bilen,
jogap berer Öz mukaddes gögünden.
8Käbirleri söweş arabalaryna,
käbirleri-de bedewlerine buýsanýar,
biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
9Olar büdrär hem-de ýykylar,
biz bolsa turarys hem dik durarys.
10Ýa Reb! Patyşany halas et,
çagyran wagtymyzda bize jogap ber.
Copyright information for
TukLat16