‏ Psalms 24

Dawudyň mezmury

Alef 1Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.
Bet 2Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan;
men utanja galmaýyn;
duşmanlarym menden üstün çykmasyn.
Gimel 3Saňa intizarlar galmasynlar utanja,
nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja.
Dalet 4Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy
hem-de öwret maňa ýodalaryňy.
He 5Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret,
çünki meni halas edýän Hudaý Sen;
men uzakly gün Saňa intizardyryn.
Zaýin 6Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir sadyk söýgiňi,
çünki olar bardyr gadymdan bäri.
Ḥet 7Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi
hem-de bitabynlyk ýodalarymy.
Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä,
Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.
Ṭet 8Reb ýagşy hem-de dogrudyr
Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär.
Ýod 9Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri
Öz ýoluny pespällere öwredýär.
Kaf 10Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara
söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.
Lamed 11Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna
bagyşla Sen meniň etmişlerimi,
çünki uludyr olar.
Mem 12Rebden gorkýan ynsan bar bolsa,
Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny.
Nun 13Ol ýaşajakdyr bolelinlikde,
ýeri miras alar onuň zürýady.
Sameh 14Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär,
Ol olara Öz ähtini bildirýär.
Ğaýin 15Gözlerim mydama Rebbe garap dur,
çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar.
Pe 16Maňa öwrül-de, merhemet eýle,
çünki men ýalňyz, ezýetlidirin.
Tsadi 17Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy;
jebir-jepalarymdan halas et meni.
Reş 18Muşakgatym bilen yzama seret
hem-de meniň ähli günälerimi öt.
19Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň,
olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni.
Şin 20Janymy gora-da, halas et meni,
utanmaýyn, çünki pena edindim Seni.
Taw 21Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn,
çünki men Saňa intizardyryn.
22Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny
ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.
Copyright information for TukLat16