Psalms 28
Dawudyň mezmury
1 Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar,Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.
2Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň;
şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.
3Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde,
Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär,
Reb ummasyz suwlardan üstündir.
4Rebbiň sesi kuwwatlydyr,
Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.
5Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär,
Reb Liwan kedrlerini owradýar.
6Ol Liwan dagyny göle deý,
Sirýon dagyny-da ▼
▼Sirýon dagy – bu Hermon dagynyň beýleki ady.
ýabany öküzçe deýbökdürýär.
7Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
8Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar,
Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.
9Rebbiň sesi keýikleri guzladýar,
tokaýlary ýalaňaçlaýar;
Onuň ybadathanasynda hemmeler
«Hudaýa şöhrat!» diýýär.
10Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar.
Reb Şa hökmünde baky oturýar.
11Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin
hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!
Copyright information for
TukLat16