‏ Psalms 29

1 Dawudyň mezmury. Ybadathana bagyş edilende aýdylýan nagma.
2Ýa Reb, Seni beýgeltjek,
çünki Sen ýokary meni galdyrdyň,
meni duşman gülküsine goýmadyň.
3Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim,
Sen hem maňa şypaňy berdiň.
4Ýa Reb, Sen meniň janymy
ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň;
gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň.
5Eý, Rebbiň sadyklary, Oňa nagmalar aýdyň;
mukaddes adyna şükürler ediň.
6Çünki bir salymlyk Onuň gazaby;
ömürboýy dowam edýär mähribanlygy.
Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar,
ertirine bolsa şadyhorramlyk geler.
7Men şeýle diýdim öz rahatlygymda:
«Meni asla hiç zat sarsdyrmaz».
8Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen
meni dag dek kuwwatly etdiň;
gizlediň Sen menden ýüzüňi,
şonda gorky gaplady meni.
9Ýa Reb, Seni çagyrdym;
Taňrymdan merhemet diläp,
dat-perýat etdim.
10Diýdim «Men ölüp, inemde gabra,
munuň peýdasy bolarmy Saňa?
Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi?
Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»
11Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle!
Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.
12Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň,
ýas julumy çykaryp,
meni begenç lybasyna beslediň.
13Kalbym Saňa nagma aýtsyn, dymmasyn.
Saňa baky şükür etjek, ýa Beýik Hudaýym!
Copyright information for TukLat16