Psalms 30
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.2Ýa Reb, men Seni pena edinýärin,
meni hiç haçan utanja goýma;
dogrulygyň bilen halas et meni.
3Maňa gulak goý,
tiz ýetiş meniň dadyma;
bol Sen meni penalaýan bir gaýa,
halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
4Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň;
Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa,
meni ugrukdyr.
5Maňa gurlan tordan Sen meni çykar,
çünki Sen meniň penamsyň.
6Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy;
meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
7Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary;
men diňe Rebbe baglaýan bili.
8Begenip şatlanaryn sadyk söýgiňe,
çünki Sen muşakgat halymy gördüň,
janymyň çekýän derdini bildiň;
9tabşyrmadyň meni duşman eline;
duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.
10Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
sebäbi men hasrat içinde;
gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi;
meniň janym hem-de bagrym gurady.
11Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen;
ýyllarym-da dat-perýat bilen;
günäm zerarly kuwwatym gaçdy
hem-de meniň süýeklerim gurady.
12Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma,
ylaýta-da öz goňşularyma;
betnyşan boldum men tanyşlaryma;
köçede görýänler menden gaçýarlar.
13Merhum dek unudyldym men;
bir döwlen küýzä öwrülendirin.
14Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýärin men,
maňa garşy dildüwşük guranlarynda,
janyma kast etmekçi bolanlarynda,
töwerek-daşymy gorky gaplaýar.
15Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýaryn men;
Men diýýärin: «Sensiň meniň Hudaýym».
16Ömrümiň günleri Seniň eliňde;
halas et meni ýagylarymyň
hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden.
17Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne;
sadyk söýgiň bilen meni halas et.
18Ýa Reb, meni utanja goýma,
çünki Seni çagyrýaryn men;
goý, erbetler utanja galsyn;
ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn.
19Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen
dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun.
20Seniň ýagşylygyň neneňsi uly!
Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony;
adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara
edýärsiň Sen bu ýagşylygy.
21Sen ynsan dildüwşüklerinden
olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň;
dilleriň dawalaşmagyndan
çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň.
22Rebbe alkyş bolsun!
Çünki Ol daşy gabalan şäherde
maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi.
23Öz howsalamda şeýle oýladym:
«Men Seniň nazaryňdan taşlandym».
Ýöne Saňa perýat eden wagtymda
Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.
24Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony!
Reb goraýar Özüne wepadarlary,
doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.
25Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary,
batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz!
Copyright information for
TukLat16