‏ Psalms 32

1Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde,
dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.
2Rebbe alkyş aýdyň lirada,
Oňa mukam çalyň on kirişli guralda.
3Aýdyň Oňa täze nagmany,
şadyýan gygyryşyp,
ussatlarça çalyň öz sazyňyzy.
4Çünki Rebbiň sözi dogry,
wepalydyr Onuň ähli işleri.
5Ol dogrulygy, adalaty söýýändir;
ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.
6Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen,
bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.
7Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady,
düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.
8Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun;
dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
9Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy;
Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.
10Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär,
halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
11Emma ebedidir Reb maslahaty,
Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.
12Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr;
Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr.
13Reb göklerden nazar aýlaýar,
Ol adamzadyň baryny görýär.
14Tagtynda oturan ýerinden
ýeriň ähli ilatyna nazar aýlaýar:
15Oldur her biriniň ýüregini ýaradan,
olaryň ähli işlerine düşünýän.
16Patyşany halas etmez uly goşuny,
uly güýji halas etmez batyry.
17Güýçli bedew ýeňşi kepillendirmez,
uly güýji bilen hiç kimi ol halas etmez.
18Ine, Rebbiň nazary Ondan gorkýanlarda,
sadyk söýgüsine umyt baglaýanlarda.
19Ölümden olaň janyny Ol halas eder,
açlyk döwründe-de aman galdyrar.
20Rebbi pena edinýär biziň janymyz,
Ol – kömegimiz we galkanymyz.
21Onda şatlanýar ýüreklerimiz,
çünki mukaddes adyna bil baglaýandyrys.
22Ýa Reb, biz Saňa umyt baglaýandyrys.
Seniň sadyk söýgiň bize ýar bolsun!
Copyright information for TukLat16