‏ Psalms 33

1 Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi.
Alef 2Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn,
Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.
Bet 3Reb bilen meniň janym magtanar,
pespäller eşider hem-de şat bolar.
Gimel 4Meniň bilen bile Rebbi öweliň,
beýgeldeli bilelikde Onuň adyny.
Dalet 5Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi
hem-de ähli howplardan meni halas eýledi.
He 6Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz,
asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.
Zaýin 7Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi,
meni ähli azaplarymdan halas eýledi.
Ḥet 8Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar,
olary bela-beterden halas eýleýär.
Ṭet 9Dadyp görüň Reb ýagşylygyny,
Ony pena edinýän nähili bagtly!
Ýod 10Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri,
Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.
Kaf 11Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy,
Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.
Lamed 12Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni,
öwredeýin size Rebden gorkmagy.
Mem 13Isleýärmiň döwran sürmegi?
Göresiň gelýärmi ýagşy günleri?
Nun 14Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi
we hileli gepden – dodaklaryňy;
Sameh 15ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk,
parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma.
Ğaýin 16Dogry adamlarda Rebbiň gözleri,
perýatlaryna açyk Onuň gulagy.
Pe 17Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr;
olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz.
Tsadi 18Reb eşidýär dogrular perýat edende,
Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.
Ķof 19Reb kalby synyklara ýakyndyr;
ruhdan düşenleri halas edýändir.
Reş 20Dogry ynsanyň dertleri köpdür,
emma Reb ählisinden ony halas edýändir.
Şin 21Onuň ähli süňklerini goraýar,
olaryň biri hem döwülmez.
Taw 22Ýamanlyk erbet adamy öldürer,
dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.
23Reb Öz bendelerini halas edýändir,
Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.
Copyright information for TukLat16