‏ Psalms 36

Dawudyň mezmury

Alef 1Erbet iş edýänlere janyňy ýakma,
naýynsaplara höwesli bakma.
2Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar,
gök ösümlik kimin saralyp solar.
Bet 3 Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk,
ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
4Rebden teselli tap,
ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.
Gimel 5Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla,
şonda Ol saňa hemaýat berer.
6Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy,
günorta çagy deý – haklylygyňy.
Dalet 7Ümsüm bol Rebbiň öňünde,
Oňa sabyrly garaş,
ýoly rowaç betniýete höwesli bakma.
He 8Gahardan saklan, gazaby taşla,
aladaçyl bolma: ol şere elter.
9Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler,
Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.
Waw 10Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar,
ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.
11Pälipes adamlar bolsa ýeri miras alarlar,
abadançylykda ýaşap, hezil ederler.
Zaýin 12Erbet dogry adama hyýanat edýär
hem-de oňa dişlerini gyjaýar.
13Taňry bolsa onuň üstünden gülýär,
çünki onuň wagtynyň dolýandygyny görýär.
Ḥet 14Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin,
dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin,
erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.
15Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar,
olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar.
Ṭet 16Dogry ynsanyň az zady
ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.
17Çünki erbetleriň gollary döwler,
ýöne Reb dogrulary söýgetlär.
Ýod 18Reb kämilleriň günlerini bilýändir,
olaryň mirasy ebedi galar.
19Olar ýaman wagty utandyrylmaz,
dok bolarlar açlyk döwründe.
Kaf 20Emma erbetler heläk bolarlar,
Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler,
gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar.
Lamed 21Erbet adam karz alyp, yzyna bermez,
dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.
22Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar,
Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolar.
Mem 23Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär,
Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.
24Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem,
çünki Reb onuň elinden tutýar.
Nun 25Ýaş ýigitdim, indi garradym,
ýöne dogry ynsanyň terk edilenini
ýa zürýadynyň çörek dilenenini
heniz görmedim.
26Elmydama eli açyk hem-de karz berýär;
olaryň neslinden ýalkanyş geler.
Sameh 27Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk –
baky ýaşarsyň.
Ğaýin 28Çünki Reb adalaty söýýändir,
Ol sadyk ynsany terk edýän däldir;
dogry ynsan baky goralar,
ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.
29Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar
hem-de onda baky mesgen tutarlar.
Pe 30Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär,
onuň dili adalaty beýan eýleýär.
31Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny,
taýýan däldir onuň aýagy.
Tsadi 32Erbet dogry ynsany aňtaýar,
ony öldürmäge pursat peýleýär.
33Ýöne Reb ony erbediň eline bermez;
kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz.
Ķof 34Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla,
Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder;
sen erbetleriň ýok edilenini görersiň.
Reş 35Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek
gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.
36Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi;
men ony gözledim, emma tapmadym.
Şin 37Kämil ynsany synla, dogry adama seret.
Parahat ynsanyň gelejegi bar.
38Emma günäliler bütinleý weýran ediler;
erbetleriň gelejegi ýok bolar.
Taw 39Reb dogry ynsanlary halas edýändir,
muşakgatlykda olara pena bolýandyr.
40Reb olara kömek berer we halas eder;
olary erbetlerden gutarar we halas eder,
çünki olar Ony pena tutunýar.
Copyright information for TukLat16