Psalms 37
1 Dawudyň ýatlanma dilegi2Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma,
gazabyňda meni terbiýeleme.
3Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden,
Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.
4Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok,
günäm zerarly bedenimde saglyk ýok.
5Çünki ýazyklarym başymdan agdy,
agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
6Akmaklygym zerarly
ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
7Iki bükülip, ýere ýazyldym,
men uzakly gün ýas tutup gezýän.
8Çünki ysytmadan doludyr bilim,
bedenimiň abat ýeri galmady.
9Halys tapdan düşdüm, mydar galmady,
ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.
10Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim,
Senden gizlin däldir meniň perýadym.
11Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy,
meniň gözlerimiň nury galmady.
12Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar,
goňşularym-da menden uzakda durýar.
13Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar;
meniň zelelimi gözleýänler
meni ýykmak hakda gürrüň edýärler;
uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.
14Men bolsa eşidip bilmeýän ker adam ýaly,
gürläp bilmeýän lal ynsan ýaly.
15Dilsiz-agyzsyz ker kimin boldum.
16Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn;
Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.
17Diýdim: «Duşmanlarym çekýän jebrime,
goý, begenmesin,
ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, öwünmesin».
18Çünki ýykylmaga golaýlandyryn,
dyngysyz agyrym bilen ýüzbe-ýüzdürin.
19Men öz ýazygymy boýun alýaryn,
günäm babatda hasrat çekýärin.
20Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli;
meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.
21Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr,
çünki ýagşylyga eýerýärin men.
22Ýa Reb, meni terk etme!
Uzaklaşma menden, eý, meniň Hudaýym!
23Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş,
ýa, Taňry meniň Halasgärim!
Copyright information for
TukLat16