‏ Psalms 39

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2Men intizar bolup, Rebbe garaşdym,
Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi;
3meni heläkçilik gorpundan,
batgalyk laýyndan çykaryp aldy;
aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup,
Ol meniň ädimlerimi berkitdi.
4Ol meniň agzymda bir täze nagma –
Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy;
köpler muny görüp gorkarlar,
hem-de Rebbe bil baglarlar.
5Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly!
Tekepbirlere, ýalan hudaýlara
ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!
6Ýa Beýik Hudaýym,
Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok!
Seniň bize gönükdirilen
gudratly işleriň, pikirleriň köpdür.
Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär,
ýöne olar sanardan köpdür.
7 Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň;
Sen meniň gulaklarymy açdyň;
ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny
talap etmediň.
8Şonda diýdim: «Ine, gelýärin;
kitapda men barada ýazylgy.
9Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn;
Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».
10Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim;
Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.
11Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym;
sadyklygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim;
uly jemagatda söýgiňi, sadyklygyňy
men gizlemedim.
12Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama;
Seniň söýgiň we sadyklygyň,
goý, elmydama meni gorasyn.
13Çünki sansyz bela-beter meni gurşady;
öz etmişlerim meniň başymdan indi;
görüp bilmeýän:
olar başymyň saçyndan hem kän,
pagyş-para boldy meniň ýüregim.
14Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal;
ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
15Janyma kast edýänleriň hemmesi,
goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn;
başyma gelen külpetlere şat bolýanlar,
yzyna öwrülip, masgara bolsun.
16Maňa «haý, haý!» diýýänler
utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
17Seni agtarýanlaryň bary
Sende begenip, şadyýan bolsun;
«Reb beýikdir!» diýip,
halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
18Men bolsa garyp we mätäçdirin,
ýöne Taňry maňa gamhorlyk eder;
Sensiň kömegim hem Halasgärim,
eglenme, eý, meniň Hudaýym!
Copyright information for TukLat16