Psalms 4
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.2Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym!
Maňa jogap ber çagyranymda.
Maňa giňlik berdiň daryganymda,
maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
3Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli
siz maňa ysnat getirjek?
Haçana çenli puç zady söýüp,
siz ýalana eýerjek? Sela
4Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin
sadyk adamy saýlap goýandyr.
Reb meni eşidýär çagyranymda.
5Gaharlanyp, günä galmaň siz,
Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
6Dogry gurbanlyklary hödürläň,
Rebbe bil baglaň.
7«Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür.
Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
8Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr,
ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
9Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan;
çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.
Copyright information for
TukLat16