Psalms 49
1Asafyň mezmury. Nagma.Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär,
gündogardan günbatara çenli
ýer ýüzüni çagyrýar.
2Gözelligiň naýbaşy bolan Siondan
Hudaý parlaýar.
3Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol:
Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan,
töwereginde – güýçli gaý-tupan.
4Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin
Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:
5«Ýygnaň ýanyma sadyklarymy –
gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».
6Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny,
çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela
7«Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym;
Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň,
eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin.
8 Gurbanlyklaryň üçin Men seni ýazgarjak däl,
ýakma gurbanlyklaryň dyngysyz Meniň öňümde.
9Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden,
ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan.
10Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi –
müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.
11Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny,
meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.
12Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn,
çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki.
13Öküzleriň etini iýýärinmi Men?
Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men?
14Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa,
Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et.
15Meni çagyr muşakgat günde,
seni halas ederin,
Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».
16Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär:
«Parzlarymy agzamaga,
ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar?
17Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen,
sözlerimi ýele sowurýarsyň sen.
18Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň,
zynahorlara şärikdeş bolýaň.
19Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy,
seniň diliň düzýär hile-pirimi.
20Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň,
öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň.
21Sen bulary etdiň, Men gürlemedim,
sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň.
Emma Men saňa käýärin,
göz alnyňda etmişleriňi goýaryn.
22Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň,
ýogsa Men sizi parça-parça ederin,
sizi halas eden tapylmaz.
23Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar;
Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin».
Copyright information for
TukLat16