Psalms 51
1–2Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan maskili.
3Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen?
Hudaýyň sadyk söýgüsi hemişe meniň bilen!
4Seniň diliň düzýär weýrançylyklary,
ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.
5Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň,
hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.
6Eý, hileli dil,
sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!
7Emma Hudaý seni baky heläklär,
seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar,
ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela
8Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar,
oňa gülüp, şeýle diýerler:
9«Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi,
öz baýlygynyň köplügine baglady bili;
ol öz baýlygyndan ▼
▼Baýlygyndan – käbir golýazmalarda jenaýatyndan.
pena gözledi».10Men bolsa Hudaýyň öýündäki
gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly;
Hudaýyň sadyk söýgüsine
ebedi we baky baglaýan bili.
11Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin;
Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda
Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.
Copyright information for
TukLat16