Psalms 52
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.2 Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler.
Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler;
ýagşylyk edýän ýok.
3Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip,
Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.
4Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar,
bary deň derejede haram boldular;
ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
5Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler?
Olar halkymy çörek ýaly iýýärler
hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.
6Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler,
çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar.
Sen olary galdyrarsyň uýada,
çünki olary Hudaý ret etdi.
7Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi!
Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende,
Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.
Copyright information for
TukLat16