‏ Psalms 53

1
2Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.
3Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen,
meni akla Sen gudratyň bilen.
4Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit,
Sen agzymyň sözlerine gulak goý.
5Çünki gelmişekler garşyma galdy,
sütemkärler janymyň kastyna çykdy;
olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela
6Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir!
Taňry söýgetleýär meniň janymy.
7Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny
olaryň öz başlaryna inderer.
Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.
8Saňa höwes bilen gurbanlyk keseýin,
ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.
9Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi,
gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.
Copyright information for TukLat16