Psalms 54
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň maskili.2Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama,
ret etme ýalbaryşymy.
3– 4Meni ünsli diňle hem-de jogap ber,
pikirlerim meni birahat edýär;
duşmanyň sesinden ýaňa,
erbet adamyň zulumyndan ýaňa,
meniň başym çaşdy.
Çünki olar maňa sütem edýärler,
gaharlarynyň ajysyny pürkýärler.
5Ýüregim ezýet çekýär içimde,
ölüm howpy abandy meniň üstüme.
6Gorky bilen galpyldy üstüme indi,
meni aýylganç gorky gaplady.
7Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady!
uçup gidip, asudalykda bolardym.
8Hakyky, uzaklara –
çöl-beýewana tarap gaçardym. Sela
9Güýçli ýelden, gaý-harasatdan
gaçalgama tarap men howlugardym».
10Bulaşdyr, ýa Taňry, alart agyzlaryny,
çünki gördüm şäherde zorluk, jenjeli.
11Gije-gündiz diwarlarynyň üstünde aýlanýar olar,
onuň içinde horluk, ezýet bar.
12Onuň ortasynda weýrançylyk bar,
zulum, hile köçelerinden hiç aýrylmaýar.
13Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady –
muňa çydardym,
meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady –
ondan gizlenerdim.
14Emma muny edýän sen,
ýagny özüm bilen des-deň tutanym:
meniň dostum hem-de ýaranym.
15Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik,
jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik.
16Goý, ölüm olaryň başyna insin,
olar ölüler dünýäsine, goý, diri barsyn,
çünki ýamanlyk bar öýlerinde, aralarynda.
17Men bolsa çagyraryn Hudaýy,
halas eder Reb meni.
18Agşam, ertir, günorta çagy
men ýalbaryp, nala çekýärin,
Ol eşidýär meniň sesimi.
19Maňa garşy bolan uruşda
Ol halas eder meniň janymy,
çünki köpler çykdy meniň garşyma.
20Owaldan tagtynda oturan Hudaý eşider
hem-de olara gaýtawul berer.
Çünki olarda özgerişlik ýok,
Hudaýdan olar gorkanok.
21Ýoldaşym dostuna elin galdyrdy
hem-de eden ähtini bozdy.
22Onuň gepi baldan süýjüdi,
kalbynda bolsa uruş-jeň bardy.
Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy,
aslynda welin syrylan gylyçdy olar.
23Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle,
Ol seni söýgetlär.
Ol dogry ynsanyň yranmagyna
hiç haçan ygtyýar etmez.
24Emma Sen, eý, Hudaý,
ölüm çukuryna inderersiň olary;
ganhorlar we hilegärler
ömürleriniň ýaryny hem ýaşamaz;
men bolsa Saňa bil baglaryn.
Copyright information for
TukLat16