Psalms 55
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Uzakdaky dub agajynyň üstünde oturan kepderi» mukamynyň äheňinde çalynýan. Gat şäherinde piliştliler Dawudy tutanlarynda, onuň aýdan miktamy.2Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle,
çünki adamlar meni depgileýärler;
duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.
3Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler,
çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!
4Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.
5Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men;
ynsan maňa näme edip bilsin?
6Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi,
maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.
7Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär,
janymy almak üçin meni aňtaýar.
8Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka?
Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!
9Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy,
meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy;
olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?
10Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär;
bilýärin: Hudaý tarapdarymdyr.
11Hudaýa – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
12Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men;
ynsan maňa näme edip bilsin?
13Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin,
Saňa şükür gurbanlyklaryny hödür ederin.
14Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň;
ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly,
Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.
Copyright information for
TukLat16