Psalms 62
1 Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.2Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym,
Seni agtarýaryn ir säher bilen,
meniň janym teşnedir Saňa.
Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin
Seni küýseýär meniň bedenim.
3Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin,
mukaddes öýüňde Saňa seretdim.
4Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr,
meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.
5Ömürboýy Saňa alkyş okaryn,
ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.
6– 7Düşegimde Seni ýatlan wagtymda,
gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,
janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar,
şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar.
8Çünki Sen meniň kömegim bolduň;
ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp,
nagma aýdaryn.
9Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar,
Seniň goluň meni goldaýar.
10Janymyň kastyna çykanlar bolsa,
ýeriň teýine inip giderler.
11Olar gylyjyň zarbyna berler,
hem-de şagallara şam bolar.
12Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar;
Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar,
çünki ýalançylaryň agzy baglanar.
Copyright information for
TukLat16