‏ Psalms 64

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.
2Eý, Hudaý, Sen mynasypsyň Siondaky alkyşa,
Saňa berlen kasamlar berjaý ediler.
3Sensiň doga-dilegleri eşidýän,
ähli ynsanlar Saňa gelerler.
4Günäler götererden juda çökder bolanda,
Sen olary bagyşlaýarsyň.
5Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň –
Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly!
Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň
ýagşylygyndan doýaly.
6Eý, bizi halas eýleýän Hudaý!
Gutulyşyň gudratly işlerini görkezmek bilen,
Sen biziň dogalarymyza jogap berýärsiň.
Ýeriň dört künjüniň,
ummanyň aňyrsynda ýaşaýanlaryň
umydy – Sensiň.
7Sen Öz kuwwatyňy guşandyň
hem-de daglary berkarar etdiň.
8Deňizleriň tupan-harasadyny,
onuň tolkunlarynyň güwwüldisini,
halklaryň tolgunmasyny
ýatyrýan Sensiň.
9Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram
Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar;
Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde
Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.
10Sen ýeriň aladasyny edýärsiň –
ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň;
bol suwly derýalar arkaly
halkyň gallasyny üpjün edýärsiň;
sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň.
11Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň,
onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň,
ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň,
onuň hasylyny bereketleýärsiň.
12Sen Öz jomartlygyňy ýyla jyga edip geýdirýärsiň,
geçen ýerleriňden bolçulyk joşýar.
13Dolup-daşýar çöl örüleri,
baýyrlar hem şatlyk guşanýar.
14Örüler sürülere beslenýär,
dereler hem galla bürenýär,
olar joşup aýdymlar aýdýar.
Copyright information for TukLat16