‏ Psalms 68

1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Dawudyň mezmury.
2Eý, Hudaý, meni halas et,
çünki suwlar boýnuma ýetdi.
3Çuň batgalyga batyp barýaryn,
aýagymy diremäge hiç ýer ýok.
Çuň suwlara girdim,
siller meni girdabyna gaplady.
4Men öz perýadymdan halys ýadadym,
gurap galdy meniň damagym;
Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.
5Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany
başymyň saçyndan hem köp;
janyma kast etmekçi bolup,
ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp.
Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?
6Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meň akmaklygym,
Senden gizlin däldir meň günälerim.
7Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli!
Saňa umyt baglaýanlar
men zerarly, goý, utanmasyn;
Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar
men zerarly, goý, uýalmasyn.
8Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum,
meniň ýüzümi utanç büredi.
9Men doganlaryma gelmişek boldum,
ejemiň ogullaryna keseki boldum.
10Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürdi,
Saňa dil ýetirýänleriň gepi başyma indi.
11Agyz bekläp, gözýaş döküp, ruhumy syndyranymda,
bularyň bary maňa gyjalat boldy.
12July eşik edinenimde,
olaryň agyz-diline düşdüm.
13Derwezede oturanlar meniň gybatym edýär,
serhoşlar men barada aýdymlar düzýär.
14Ýa, Reb hoşamaýlyk et-de,
dogamy eşit.
Öz söýgiňe görä,
halas ediş güýjüňiň sadyklygynda
maňa jogap ber.
15Halas et, men batgalyga batmaýyn;
meni ýigrenýänlerden,
suwlaryň çuňlugyndan halas bolaýyn.
16Sil suwlary meni girdabyna salmasyn,
çuňluk meni, goý, ýuwutmasyn,
gabyr üstümden öz agzyny ýummasyn.
17Ýa Reb, maňa jogap ber,
çünki Seniň sadyk söýgiň ýagşydyr;
bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.
18Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme,
ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!
19Maňa ýakynlaş hem-de halas et,
duşmanlarymyň elinden meni azat et.
20Sen bilýärsiň men babatda aýdylýan ýaman gepleri,
meniň utanjymy, betnamlygymy.
Sen bilýärsiň ähli duşmanlarymy.
21Ryswalyk ýüregimi perişan etdi –
men ruhdan düşdüm.
Tessellä garaşdym, emma bolmady;
göwünlik berjekleri agtardym, emma tapmadym.
22Olar nahar ýerine maňa öt berdi,
suwsanymda sirke içirdi.
23Olara öz saçagy, goý, duzak bolsun,
myhmanlary üçin bir gapan bolsun.
24Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin,
olar elmydama, goý, sandyrasyn.
25Olaryň üstüne Öz gazabyňy dök,
gaharyňyň ody olaryň üstüne insin.
26Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn,
çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.
27Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar,
ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler.
28Sen olaryň jezasyna jeza goş,
olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn.
29Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn,
olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.
30Emma men bir mätäç, ejir çekýärin,
eý, Hudaý, halas et we gora meni.
31Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek,
Ony şükürler bilen arşa çykarjak.
32Bu has köp ýarar Rebbiň göwnüne
şahly, toýnakly öküzden ýa-da bugadan.
33Pes göwünliler muny görüp begensin,
eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.
34Çünki Reb mätäçleri eşidýär,
Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.
35Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer,
deňizler we olardaky ähli jandarlar.
36Çünki Hudaý halas eder Siony,
dikelder Ýahudanyň şäherlerini,
olar ornaşyp, şol ýere eýelik ederler.
37Bendeleriniň nesilleri ol ýeri miras alarlar,
Onuň adyny söýýänler şol ýerde mesgen tutarlar.
Copyright information for TukLat16